Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Partlamada aýyplanýan atylyp öldürildi


Birleşen Ştatlaryň polisiýasy Boston marafonyndaky partlamalarda aýyplanýanlardan biriniň penşenbe güni agşam Bostonyň golaýyndaky Wotertaun şäherçesinde polisiýa bilen atyşyklarda öldürilendigini mälim etdi.

ABŞ-nyň polisiýasy partlamalarda aýyplanýanlaryň şahsyýetiniň eýýäm anyklanandygyny we olaryň doganlar Johar we Tamerlan Sarnaýewlerdigini mälim etdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, öten agşamky atyşykda Tamerlan Sarnaýew öldürilipdir, Johar Sarnaýewe bolsa häzirlikçe gaçyp gutulmak başardypdyr. Johar Sarnaýewi gözläp tapmak boýunça polisiýanyň häzir giň gerimde gözleg operasiýasyny ýola goýandygy habar berilýär.

Birleşen Ştatlaryň käbir media serişdeleri bu iki doganyň asly demirgazyk kawkazly raýatlarydygyny habar berýär.

Şu hepdäniň duşenbe güni Bostonda geçirilýän marafon ýaryşynyň tamamlanýan ýerinde amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, 170-den gowrak adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG