Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çen: Reformalar halkdan gelmeli


Çen Guangçeng. 15-nji aprel, 2013 ý.
Çen Guangçeng. 15-nji aprel, 2013 ý.
Hytaýly kör aktiwist Çen Guangçen ýurtda ýeke çaga edinmek bilen bagly alnyp barylýan syýasata garşy çykyp, belli bir derejede halkara meşhurlygyny gazanypdy. Geçen ýyl Çen öý tussaglygyndan gaçyp, ABŞ-nyň Hytaýdaky ilçihanasyna barandan soň, diplomatiki düşünişmezliker döräpdi. Waşingtonyň goşulmagy netijesinde, Çenyň ABŞ-a gidip, Nýu-Ýorkda hukuk boýunça bilim almagyna rugsat berildi. Azatlyk Radiosy Çen Guangçen bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň Birleşen Ştatlara goýberilmegiňiz nähili boldy?

Çen Guangçeng: Medeni konflikt barada aýdanyňda, duýan möhüm zatlarym köp däl. Öwrenişmeli zatlar, elbetde, bar. Men bularyň köpüsine öwrenişerin. Ýöne hakyky kynçylyk Hytaýda maňa nähili çemeleşendiklerinden özümde galan täsirler.

Mysal üçin, aýak süňküm şu güne çenli gowulanman gelýär. Psihologik taýdan bolsa, köp zatlar bar. Men olary agzap hem bilemok. Bu tejribelerden saplanmak üçin köp wagt gerek.

Azatlyk Radiosy: Hytaýda ýaňy bütin ýolbaşçylar çalşyldy. Käbir adamlaryň çaklamagyna görä, indi reforma barada öňki hökümetdäkiden köp açyklyk bar. Täze ýolbaşçylara siz nähili baha berýärsiňiz?

Çen Guangçeng: Olar, dogrudanam, bu işi etseler, bu, elbetde, gowy zat. Ýöne möhümi olaryň näme aýdýany däl. Biz olaryň näme edýänini görmeli. Aradan [eýýäm] ep-esli wagt geçdi. [Emma] biziň gören bir hakyky özgerişligimiz ýok.

Hemmesi gürrüň. Diňe gürrüň bolýar, aşa köp gürrüň. Adamlaryň eşidesi gelýän köp zatlary bar. Emma biz bu zatlary [durmuşda] göremzok. Hökümet öz işlerini sözlerine laýyk getirjek bolsa, biz görer ýaly, duýar ýaly, alnyp barylýan syýasaty üýtgetmeli.

Ilki bilen, olar söz azatlygyny çäklendirmeli däl. Internete senzura girizmeli däl. Köp wagtlap barlanman galan ýagdaýlar barada haýal etmän, derňew işleri geçirilmeli.

Azatlyk Radiosy: Häkimiýet başyndaky kommunistik partiýa barada aýtsak, onuň öz içinden reformirlenmegine bir mümkinçilik görýärmisiňiz ýa-da, siziň pikiriňizçe, hakyky özgeriş üçin rewolýusiýa gerekmi?

Çen Guangçeng: Men Hytaýyň kommunistik partiýasynda reforma üçin bir hakyky isleg göremok. Olar her gezek ýolbaşçylar çalşylanda, bu barada gürrüň edýärler. Ozal 1997-nji ýylda, soňra 2002-nji we 2007-nji ýyllarda gürrüň edildi, indi ýene-de bu gürrüňler bar.

Bularyň hemmesi gürrüň. Ýöne indi hytaý halky oýanyp gelýär. Olaryň aň-düşünjesi çalt ösýär. Şol sebäpden Hytaýda üýtgeşiklik bolman bilmez. Bu özgerişiň, hytaý halkynyň aň-düşünjesiniň ösmeginden, üznüksiz oppozisiýadan gözbaş almagy mümkin. Başga ýol galmasa, belki kommunistik partiýanyň özi-de käbir özgerişleri girizer. Ýöne men partiýanyň öz inisiatiwasyna esaslanýan özgerişe umyt baglamok.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylaryň çaklamagyna görä, Hytaýda barha güýjeýän milletçilikli duýgular bar. Siz bu duýgular bilen ylalaşýarmysyňyz?

Çen Guangçeng: Ilki bilen [aýtmalysy], Hytaýda milletçilik duýgusy, dogrudanam, güýçli. Ýöne men ol mundan artyk güýçlener öýdemok. Aslynda, meniň pikirimçe, ol belli bir derejede gowşaýar.

Sebäbi ilatyň uly böleginiň düşünjesi indi artýar. Olar partiýanyň liniýasyna ynananoklar. Biziň häzirki görýänimiz hökümetiň bu duýgulary goldamagynyň netijeleri.

Mysal üçin, ýaňy Ýaponiýa garşy demonstrasiýalarda köçelerde açyk protestler boldy. Men muny hökümetiň köp goldandygyna şek-şübhe edemok. Sebäbi köçelere ýetýän açyk protestler hökümetiň görmek isleýän protestleri. Beýleki, has demokratik protestlere ýol berlenok.
XS
SM
MD
LG