Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: "Elit" jaýyň problemalary


Turkmenabadyň Gagarin adyndaky etrapçasyndaky 9A belgili jaý.

Turkmenabadyň Gagarin adyndaky etrapçasyndaky 9A belgili jaý.

Turkmenabadyň Gagarin adyndaky etrapçasynda ýerleşýän 9A belgili jaý ençeme nukdaýnazardan Türkmenabadyň beýleki jaýlaryndan tapawutlanýar.

Mundan 23 ýyl ozal, täze salnanda, ol şäheriň "elit etrabynda" ýerleşýän "elit jaylaryndan" biridi. Şol jaý salnanda binany diňe onuň ýerleşýän ýeri we beýikligi däl, daşky keşbi hem töweregindäki beýleki binalardan tapawutlandyrýardy.

Aradan 23 ýyl geçensoň, edil häzirki döwürde, bu binanyň ýaşaýjylary dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz. Olaryň esasylaryndan biri bolsa 90-njy ýyllarda oturdylan elektrik aşhana peçleriniň çalşylmanlygy.

Bir hojalygyň ulanýan ýasama peji

Bir hojalygyň ulanýan ýasama peji

Bina öz döwründe "elit" diýlip hasaplanan hem bolsa, ol ilkibaşdan gaz bilen üpjün edilmändir. Sowet döwründe öndürilen peçleriň hem täzelenmezligi, häzirki döwürde ýaşaýjylaryň kadaly durmuşyna ýaramaz täsir edýär.

Esasy problemalardan biri hem konelişen peçleriň ulanyşa ýaramsyzlygy, şunlukda bu peçler ýaşaýjylaryň nahar bişirmek, suw gaýnatmak ýaly durmuşyň gündelik zerurlyklaryna-da hötde gelenok.

Netije ýok

Ýaşaýjylaryň bu problemanyň çözgüdini gözläp, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylyşyna hyzmat etmeli edara (ýagny ZET-e), şeyle-de şäher we welaýat häkimliklerine ýazan köp sanly arza-şikaýatlary hem kanagatlandyrylman gelýär.

Mundan iki-üç ýyl ozal arzalaryň netijesinde, meseläni ýerinde derňemek maksady bilen, komissiýa gelýän bolsa, soňky ýyllaryň dowamynda ol hem bes edilipdir.

Agzalýan jaýyň ýaşaýjylaryndan käbirleriniň aýtmaklaryna görä, geçen ýylyň dekabr aýynda gaz edarasyndan gelen iň soňky komissiýa bolsa bu jaýa gaz geçirip bolmajakdygyny dilden aýdyp gidipdir.

Eýranda öndürilen peç

Eýranda öndürilen peç

Ilat köpçüliginiň aglaba böleginiň gaz pejini ulanýandygy sebäpli, ýurduň bazarlarynda onuň ýaly elektrik peçlerini tapmak hem aňsat däl. Satuwda bar bolan elektrik peçleriň bolsa ýa bahasy elýeterli däl ýa-da hili pes.

Welaýatyň lomaý bazarynda oňat hilli peçler bar, emma olaryň bahasy köne puldan 5 million manatdan geçýär. Şeylelikde köp halatlarda orta gatlaga degişli maşgalalar Hytaýdan getirilen bir gözli elektrik peçlerini ulanýarlar, ýöne olaryň hili gaty pes.

Onsoň, bir-iki aý geçip-geçmänkä, adamlar gaýtadan täzesini satyn almaly bolýarlar. Peçlerini täzeläp durmaga gurby çatmaýanlar bolsa öýlerinde özleri we goňşulary üçin howply bolan gaz balonlaryny ulanýarlar.

Gaz edarasyndan gelýän barlagçylar bu hereketleri makullanoklar, emma olar şol bir wagtyň özünde-de ýagdaýdan çykalga teklip edenoklar diýip, agzalýan jaýyň adynyň agzalmagyny islemedik bir ýaşaýjysy aýdýar.

“Jaýymyzda käbir öýler hususylaşdyrylan, olaryň eýeleri Özbegistandan, Orsýetden özleri üçin elekrtik plitalary getirip oturtdylar, galanlarymyz bolsa ýasama peçleri ulanýas, bazardaky peçleri satyn almaga pulumyz ýok” diýip, adynyň tutulmazlygyny islän şol ýaşaýjy sözüniň üstüne goşdy.

Abatlaýyş işleri

Jaýyň problemasy diňe aşhana peçleriniň täzelenmezligi bilen çäklenmän, jaýda geçen 23 ýylyň dowamynda hiç hili abatlaýyş işleri hem geçirilmändir. Jaýyň “protokol” köçäniň ugrunda ýerleşenligi sebäpli, onuň daş keşbini abatlamak maksady bilen tagtadan ýasalan penjireleri alýumin we plastik penjireler bilen çalşylypdyr.

Köçä zyňylan peç

Köçä zyňylan peç

Häkimligiň adyna ençeme arza ýazylandan soňra geçen ýyl jaýyň girelgelerini reňklemek üçin ŽET-den işçiler brigadasy hem gelipdir. Emma ol işler girelgäniň diňe iç bosagasyny abatlamak bilen çäklenipdir.

“Jaýyň daş keşbi - esasy, ol göze ýakymly görünmeli, emma biziň üçin jaýyň içindäki ýagdaýlar has ähmiýetli, adamlar beýdip kösenmeli däl” diýip, biziň söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu jaýyň 23 ýyllyk taryhynda onuň ýyladyş ulgamy 2009-2012-nji ýyllar aralygynda kadaly ýagdaýda işlemändir. Gyş aýlarynda sowuk howa zerarly şonda ýaşaýjylaryň kösençlikleri has hem artypdy.

Ýazylan onlarça arzalardan soň häzir ol problema çözüldi. Emma jaýyň ýyladyş ulgamy bilen bagly problema çözülen hem bolsa, peç bilen baglanyşykly kynçylyklar henizem dowam edýär.

Bu barada jaýyň ýaşaýjylary tarapyndan prezidentiň adyna ýazylan üç sany hat hem henize çenli hiç hili netije bermändir.

“Peçlerimizi çalşyp bererlermi ýa-da ýok, ynha, biz şu sowalyň jogabyna garaşýas” diýip, biziň bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylardan biri aýdýar.

Kerim Artykow türkmenistanly žurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Makaladaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG