Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz maşgalasy zamunlykdan boşady


Anna güni Kamerunyň hökümet resmileri bu ýurtdaky “Boko Haram” atly ekstremistik ýaragly topar tarapyndan zamun alnan fransuz maşgalasynyň zamunlykdan boşadylandygyny mälim etdiler.

Ýedi agzadan ybarat bolan bu fransuz maşgalasy şu ýylyň fewralynda Kamerunyň demirgazyk regionynda ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnypdy. Bu zamun alnanlar fransiýaly är-aýal bilen birlikde, olaryň 5, 8, 10, 12 ýaşly çagalaryndan hem-de olaryň daýysyndan ybaratdy.

Kamerunyň resmileri penşenbe güni bu zamunlykdakylaryň söweşijiler tarapyndan ýurduň hökümet organlaryna sag-salamat gowşurylandyklaryny aýdýarlar.

Şu ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň goşunlarynyň Malidäki yslamçy söweşijilere garşy harby operasiýalary ýola goýaly bäri, Afrika kontinentinde Fransiýanyň raýatlaryna garşy howplaryň has artandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG