Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amos Siriýadaky ýagdaýa alada bildirdi


Anna güni Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar meseleler boýunça komissary Walerie Amos Siriýadaky ýagdaýlary “gumanitar heläkçilik” diýip atlandyrdy.

Bu barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Walerie Amos 22 million ilatly Siriýada iki ýyl bäri dowam edýän içerki uruşlar sebäpli 4 milliondan gowrak adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandyklaryny, şolardan 1 million 300 müňe golaýynyň bolsa başga ýurtlara bosgunlyga çykandyklaryny belledi.

Ol bu wakalarda adaty raýatlaryň we çagalaryň has köp ejir çekýändiklerini nygtady.

Walerie Amosyň bu hasabatynyň yzy bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky konflikte dahylly ähli taraplary zorlukly çärelerden saklanmaklyga hem-de gumanitar guramalaryň ýurduň içinde iş alyp barmaklaryna ýol bermeklige çagyryp, beýanat kabul etdi.
XS
SM
MD
LG