ABŞ-nyň Boston şäheriniň polisiýasy Boston marafonyndaky partlamalarda aýyplanýanlardan ikinjisi 19 ýaşly Johar Sarnaýewiň anna güni giçlik ele salnandygyny mälim etdi.
Bu wakanyň öňýany habar serişdeleri Bostonyň etegindäki bir kwartalda ok atmalaryň we partlamalaryň eşidilendigini habar berdiler.
Şol atyşyk sesleriniň yzy bilen, Bostonyň polisiýa edarasy özüniň Twitter sahypasynda “Aňtaw tamamlandy. Barlaglar amala aşyryldy. Terroryň soňuna çykyldy. Adalat üstün çykdy. Aýyplanýan tussag astynda” diýen habary ýaýratdy.
Jogapsyz galýan sowallar
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “tragediýanyň möhüm sahypasynyň ýapylandygyny”, emma käbir soraglaryň welin henizem jogapsyz galýandygyny aýtdy.
“Elbetde, bu gije henizem jogapsyz galýan birgiden sowallar bar. Olaryň hatarynda şeýle sowallar-da bar: biziň jemgyýetimizde we ýurdumyzda önüp-ösen we bilim alan bu ýaş oglanlar näme üçin şeýle rehimsiz işe baş goşdular? Olar nädip bu hüjümleri planlaşdyrdylar we nädip amala aşyrdylar? Olara nähilidir bir ýardamlar berildimi? Rehimsizlik bilen öldürilen adamlaryň maşgalalary bu soraglara hökman jogap tapmaly” diýip, Obama belledi.
Bostonyň polisiýasy ele salnan 19 ýaşly Johar Sarnaýewiň häzirki wagt alan çynlakaý ýaralaryndan keselhanada bejergi alýandygyny mälim etdi.
Habar agentlikleri aňtalýan Johar Sarnaýewiň Bostonyň etegindäki Wotertaun şäherçesindäki bir jaýyň arkasynda duran gäminiň içinde gizlenendigini habar berdiler. Maglumata görä, bu gäminiň eýesi gämidäki gan tegmillerini görüp, bu barada polisiýa habar beripdir.
Şondan soňky operasiýanyň yzýany häkimiýetler Boston şäheriniň ýaşaýjylarynyň öýlerinden çykmaly däldikleri barada girizilen adatdan daşary düzgüniň ýatyrylýandygyny yglan etdiler.
Wakadan birneme öň
Boston partlamasynda aýyplanylýan bu iki doganyň ulusy Tamerlan Sarnaýew penşenbe güni giçlik polisiýa bilen özara atyşyklarda atylyp öldürilipdi.
Şu hepdäniň duşenbe güni Bostonda gurnalan marafon ýaryşynyň tamamlanýan ýerinde amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, 176 adam ýaralanypdy.
Munuň özi 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr terror hüjüminden bäri geçen döwrüň içinde Birleşen Ştatlaryň territoriýasynda amala aşyrylan iň bir çynlakaý terror hüjümi hasaplanylýar.
ABŞ-nyň bir hökümet resmisi mundan birneme ozal, 2011-nji ýylda daşarky bir döwletiň haýyşy esasynda Tamerlan Sarnaýewiň Federal Derňew Býurosy tarapyndan bir gezek sorag ädilendigini, emma şonda oňa güman bildirer ýaly hiç bir hili deliliň tapylmandygyny aýtdy.
Asly çeçen milletinden bolan doganlar Johar we Tamerlan Sarnaýewler Birleşen Ştatlara Orsýetiň territoriýasyndan göçüp barypdyrlar. Sarnaýewleriň daýysy olaryň Birleşen Ştatlarda on ýyla golaý wagt bäri ýaşap gelendiklerini gürrüň berdi.