Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa we Kosowa ylalaşyk baglaşdy


Anna güni Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleri Brýusselde geçiren nobatdaky gepleşiklerinde özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky deslapky ylalaşyga gol çekdiler.

Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň gol çeken bu ylalaşygy birnäçe aýa çeken gepleşikleriň netijesi hökmünde alamatlandy.

Bu ikitaraplaýyn ylalaşyk, esasan, Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serbleriň ýaşaýan regionynyň statusy baradaky pozisiýalary aýdyňlaşdyrýar.

Serbiýanyň premýer-ministri bu ylalaşygyň esasynda Kosowadaky serbleriň munisipallyklarynyň ençeme ugurlar boýunça “uly ygtyýarlyklara” eýe boljakdygyny aýtdy. Emma bu ylalaşygyň jikme-jikligi barada welin heniz anyk maglumat berilmeýär.

Synçylar bu täze ylalaşygyň Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalaryna giň ýol açjakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG