Sepleriň elýeterliligi

Täze hasabat Türkmenistany tankytlaýar


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

2012-nji ýyly öz içine alýan bu hasabatyň Türkmenistan baradaky bölüminde Döwlet departamenti ynsan hukuklary we raýat azatlyklary meselesinde Türkmenistandaky ýagdaýlaryň henizem aglaba ýaramaz bolmagynda galýandygyny belläpdir.

Hasabatda Türkmenistandaky ynsan hukuklary bilen bagly iň bir alada döredýän problemalaryň üç ugra degişlidigi aýdylýar. Olar, hususan-da, bikanun tussag edişlikler, gynamalar we raýat azatlyklaryna hormat goýulmazlygy bilen bagly problemalar.

Raýat azatlyklary meselesinde bolsa söz, metbugat, ýygnak we bir ýerden beýleki ýere gitmek azatlyklarynyň örän çäklendirilýändigine üns çekilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanyň konstitusiýasynda döwletiň dünýewi we demokratik döwlet diýlip yglan edilýändigine garamazdan, iş ýüzünde ýurduň prezident G.Berdimuhamedowyň we onuň Demokratik partiýasynyň awtoritar hökümetiniň kontrollygynda galýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG