Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň täze hasabatynda Türkmenistan tankyt edilýär


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websahypasy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websahypasy.

Anna güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

2012-nji ýyly öz içine alýan bu hasabatyň Türkmenistan baradaky bölüminde Döwlet departamenti ynsan hukuklary we raýat azatlyklary meselesinde Türkmenistandaky ýagdaýlaryň henizem aglaba ýaramaz bolmagynda galýandygyny belläpdir.

Hasabatda Türkmenistandaky ynsan hukuklary bilen bagly iň bir alada döredýän problemalaryň üç ugra degişlidigi aýdylýar. Olar, hususan-da, bikanun tussag edişlikler, gynamalar we raýat azatlyklaryna hormat goýulmazlygy bilen bagly problemalar.

Raýat azatlyklary meselesinde bolsa söz, metbugat, ýygnak we bir ýerden beýleki ýere gitmek azatlyklarynyň örän çäklendirilendigine üns çekilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanyň konstitusiýasynda döwletiň dünýewi we demokratik döwlet diýlip yglan edilýändigine garamazdan, iş ýüzünde bu ýurduň prezident G.Berdimuhamedowyň we onuň Demokratik partiýasynyň awtoritar hökümetiniň kontrollygynda galýandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bu ýyllyk hasabatynda Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly käbir beýleki problemalaryň raýatlaryň öz isleglerine görä hökümeti çalşyp bilmeýändikleri; dini işlere hökümetiň goşulyşmagy; talabalaýyk kanunçylyk we sud prosesine eýerilmezligi; şeýle-de raýatyň şahsy durmuşynyň, hususy jaýynyň we alyşýan hatlarynyň kanuny eldegrilmesizligine eden-etdilikli päsgel berilmegi ýaly ýagdaýlardan ybaratdygy bellenilýär.

Hasabatda Türkmenistanyň konstitusiýasynda häkimiýetiň dürli şahalara bölünýändiginiň ykrar edilýändigine garamazdan, prezidentiň ygtyýarlyklaryna gezek gelende, häkimiýetiň deňagramlylygynyň bozulýandygyna üns çekilýär we: “iş ýüzünde prezidentiň döwlet boýunça häkimiýeti absolýut derejede bolmagyny dowam etdirýär” diýilýär.

Käbir alada döredýän ýagdaýlar

Döwlet departamenti Türkmenistanda 2012-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň-da halkara standartlaryna laýyk gelmändigini bellemek bilen, bu saýlawlara syn etmek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar missiýasyny eltmek üçin hem talabalaýyk mümkinçilikleriň bolmandygyny belleýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bu ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda hiç bir hili garaşsyz syýasy toparlaryň ýa-da ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň-da ýokdugyna üns çekilýär. Onda Türkmenistandaky ähli döwlet habar serişdeleriniň diňe prezident Berdimuhamedowyň we onuň Demokratik partiýasynyň işlerine degişli maglumatlary berýändikleri aýdylýar.

Hasabatda Türkmenistandaky ýaşaýyş jaýlaryň ýykylmagy bilen bagly problemalara-da üns berlipdir. Onda prezident G.Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda öwezine talabalaýyk jaý berilmezden, jaýlaryň ýykylmajakdygyna söz berendigine garamazdan, geçen ýylyň dowamynda Aşgabadyň töwereklerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak çäreleriniň ýene dowam edendigi we raýatlara talabalaýyk kompensasiýalaryň berilmändigi bellenilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bu ýyllyk hasabaty Türkmenistanyň kanunçylygynda hökümete garşy bolan islendik bir oppozision garaýşyň “watan dönükligi” görnüşinde häsiýetlendirilýändigini-de belleýär.

Mundan daşary, hasabatda watan dönükliginde aýyplanyp tussag edilýänleriň ömürlik tussaglyga duçar bolýandyklary we olaryň tussaglyk möhletleriniň kemeldilmeýändigi ýa-da günä geçişlige hem düşmeýändigi aýdylýar.

Hasabatyň bu baradaky bölüminde 2002-nji ýylda ýurduň ozalky prezidentiniň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp näçe adamyň türme tussaglygyna höküm edilendiginiň-de henize çenli anyk bolman galýandygy bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG