Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýanyň oppozisiýasyna ýardamyny artdyrmakçy


"Azat Siriýa Armiýasy" atly oppozision ýaragly toparyň agzasy söweş operasiýasyndan soň Deir al-Zor şäheriniň köçesinde dynç alýar. Deir al-Zor, 2-nji aprel, 2013.

"Azat Siriýa Armiýasy" atly oppozision ýaragly toparyň agzasy söweş operasiýasyndan soň Deir al-Zor şäheriniň köçesinde dynç alýar. Deir al-Zor, 2-nji aprel, 2013.

Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň oppozision güýçlerine Birleşen Ştatlaryň ýene goşmaça 123 million dollarlyk harby bolmadyk ýardamlary berjekdigini aýtdy.

Jon Kerri bu barada Türkiýäniň Ystambul şäherinde Siriýanyň oppozision wekilleri bilen olary goldaýjy ýurtlaryň resmileriniň maslahatynyň yzýany eden beýanatynda mälim etdi.

“Soňky birnäçe aýyň dowamynda biz harby bolmadyk ýardamlary yzygiderli artdyryp, ony 127 million dollardan hem gowrak möçbere ýetirdik. Şol ýardamyň netijesinde-de häzir azyk we medisina serişdeleri berilýär, şeýle hem durnukly hem-de demokratik geljegiň düýbüni tutmaga çalyşýan ýerli liderlere-de ýardamlar berilýär” diýip, Jon Kerri belledi.

Durnukly hem-de demokratik geljek üçin çalyşýan ýerli liderlere-de ýardamlar berilýär
Ýekşenbe güni bu barada eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Siriýanyň oppozisiýasynyň we ony goldaýjy ýurtlaryň geljekde beriljek ýardamlaryň ýaragly söweşijileriň baş harby komandowaniýesiniň üsti bilen berilmegi barada karara gelendiklerini aýtdy.

Ol “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan 11 ýurduň Siriýada parahatçylykly geçiş prosesini ýola goýmak ugrunda tagalla edýändiklerini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde-de, Jon Kerri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini parahat ýaşaýjylara garşy “ballistik raketalary” ulanmakda aýyplady.

Oppozisiýanyň pozisiýasy

Ystambuldaky maslahatyň yzy bilen Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasy hem özüniň islendik görnüşdäki terror çärelerini tutanýerlilik bilen ret edýändigini we özleriniň eýe bolýan ýaraglarynyň howply adamlaryň eline düşmejekdigine söz berýändigini nygtady.

Siriýanyň oppozisiýasy şu çaka çenli özüniň halkara goldawçylaryny prezident Başar al-Assady häkimiýetden gidermek üçin söweşýän oppozision söweşijilere düýpli ýarag goldawlaryny bermeklige çagyryp gelýär.

Emma Ystambulda geçirilen bu gezekki maslahatda-da olaryň bu baradaky talaplary ýerine ýetirilmedi. Günbatar ýurtlary şeýle agyr ýaraglaryň Siriýadaky konfliktleri has-da çuňlaşdyrmagynyň ýa-da radikal yslamçylaryň eline düşmeginiň mümkindigini aýdyp, muňa howatyrlmanma bildirýärler.

Ystambuldaky maslahatda Siriýanyň oppozisiýasy öz goldawçylaryny Başar al-Assadyň harby güýçleriniň raketa ammarlaryny weýran etmek üçin “hirurgiki howa urgularyny” geçirmeklige çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada indi iki ýyl bäri dowam edýän içerki konfliktleriň barşynda jemi 70 müňden gowrak adymyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG