Sepleriň elýeterliligi

ABŞ siriýaly oppozisiýa ýardamy artdyrýar


Ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň oppozision güýçlerine Birleşen Ştatlaryň ýene goşmaça 123 million dollarlyk harby bolmadyk ýardamlary berjekdigini aýtdy.

Jon Kerri bu barada Türkiýäniň Ystambul şäherinde Siriýanyň oppozision wekilleri bilen olary goldaýjy ýurtlaryň resmileriniň arasynda geçen maslahatyň yzýany eden beýanatynda mälim etdi.

Siriýanyň oppozisiýasy şu çaka çenli özüniň halkara goldawçylaryny prezident Başar al-Assady häkimiýetden gidermek üçin söweşýän oppozision söweşijilere düýpli ýarag goldawlaryny bermeklige çagyryp gelýär. Emma Ystambulda geçirilen bu gezekki maslahatda-da olaryň bu baradaky talaplary ýerine ýetirilmedi.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada indi iki ýyl bäri dowam edýän içerki konfliktleriň barşynda jemi 70 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG