Sepleriň elýeterliligi

Gaznide alty polisiýa işgäri öldürildi


Ýekşenbe güni irden Owganystanyň Gazni welaýatyndaky polisiýanyň bir barlag punktuna edilen hüjümde alty sany polisiýa işgäriniň ölendigi habar berilýär.

Ýerli hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, bu hüjüm polisiýa işgärleriniň uklap ýatan wagty amala aşyrylypdyr. Barlag punktundaky polisiýa işgärlerinden biriniň ýaralanandygy we ýene biriniň ýitirim bolandygy aýdylýar.

“Frans-Press” habar agentligi ýerli resmilere salgylanmak bilen, bu wakada polisiýa ofiserlerinden biriniň ýaragly söweşijileriň bu hüjümi gurnamagyna ýardam berendigini habar berýär.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda şuňa meňzeş içerki hüjümleriň netijesinde Owganystanda daşary ýurtly we ýerli harbylardan jemi 60-dan gowragy öldürildi.
XS
SM
MD
LG