Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Ýer yranmanyň pidalary artýar


Hytaýyň Siçuan prowinsiýasynda şenbe güni ýüz beren ýer yranmada ölen adamlaryň sanynyň azyndan 179-a ýetendigi habar berilýär. Maglumata görä, bu tebigy heläkçilikde 6 müň 700-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Rihter ölçeginde 6.6 bal bolan bu ýer yranma Siçuan prowinsiýasynyň Luşan okrugyndaky daglyk ýerlerde ýer süýşgünini döredip, transport ýollarynyň baglanmagyna, elektrik togunyň we mobil aragatnaşyklarynyň kesilmegine sebäp boldy.

Bu okrugdaky Longmen obasyndaky jaýlaryň tas hemmesiniň diýen ýaly ýumrulandygy habar berilýär.

Halas ediş toparlary we müňlerçe esger ýykylan diwarlaryň astyndan adamlary gözläp tapmak işlerini dowam etdirýärler. Hytaýyň şu Siçuan prowinsiýasynda 2008-nji ýylyň maýynda ýüz beren 8 bal ýer yranmada 90 müňe golaý adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG