Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri dünýäniň dürli künjeginde


Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler şu günki gün öz däp-dessurlaryny dürli ýollar arkaly wagyz edýärler.
Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler şu günki gün öz däp-dessurlaryny dürli ýollar arkaly wagyz edýärler.
Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly nobatdaky gepleşiginde dünýä türkmenleriniň öňdebaryjy aýal-gyzlaryndan Owganystanyň Döwletabat sebitindäki 62 sany obany birleşdirýän oba birleşiginiň arçyny, türkmen zenany Halym Selime bilen onuň alyp barýan işleri barada söhbet edilýär.

Mundan daşary, Eýranyň Türkmensähra türkmenlerinden ýaş ýigit Abdylnazar bilen onuň ýaşdaşlarynyň durmuşy we olaryň dünýä türkmenleri bilen gatnaşyklary hakda gürrüň edilýär.

Şeýle-de, bu gepleşikde Belarusdaky türkmen talyplaryndan gurluşyk hünärmeni hökmünde bilim alýan student ildeşimiz we Türkiýede köp ýyllar bäri turizm pudagynda işläp gelýän türkmen zähmet migranty bilen geçirilen söhbetdeşlikler hem diňleýjilere hödürlenýär.

Şu “Dünýä türkmenleri” gepleşigini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG