Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Massaçusettsda “bir minutlyk dymyşlyk” geçirilýär


Duşenbe güni Bostonda, şeýle-de ABŞ-nyň Masaçusetts ştatanyň beýleki şäherlerinde Boston partlamalarynyň bir hepdeligine gabatlanyp bir minutlyk dymyşlyk geçirilýär.

Geçen hepde Bostonda gurnalan marafon ýaryşynyň tamamlanýan ýerinde amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, başga-da azyndan 180-si ýaralanypdy.

Partlamany amala aşyrmakda güman edilýänleriň biri – Tamerlan Sarnaýew 19-njy aprelde polisiýa bilen atyşykda öldürildi. Güman edilýänleriň ikinjisi – Johar Sarnaýew bolsa ele salyndy.

Häzirki wagt Johar keselhanada bolup, ol bokurdagyndaky ýaralary sebäpli, gürläp bilmeýär.

Bostonyň polisiýa resmisi Ed Daýwisiň ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, etnik çeçen doganlardan ýaraglar we bombalar tapylyp, olar başga-da hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrypdyrlar.
XS
SM
MD
LG