Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Talyban” türkleri tutdy


Owganystanda bir wertolýot “Talyban” hereketiniň gözegçiligindäki regionda adatdan daşary gonuşy amala aşyranda, söweşijiler ekipažyň agzalaryny ele saldylar, diýip ýerli resmiler habar berýär.

Maglumata görä, wertolýot ýaramaz howa şertleri sebäpli, ýekşenbe güni Pakistan bilen serhetde ýerleşýän Logar welaýatynda gonuşy amala aşyrmaly bolupdyr.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, ele salnan sekiz türk raýatynyň, şeýle-de iki pilotyň saglyk ýagdaýy gowy bolmagyna galýar.

Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň metbugat wekili pilotlaryň biriniň rus raýatydygyny tassyklady.
XS
SM
MD
LG