Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Lebedýew sud edilýär


Duşenbe güni Orsýetde aktiwist Konstantin Lebedýewiň üstünden sud diňlenşigi başlandy. Oňa geçen ýyl Moskwada köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplama bildirilýär.

Derňewçileriň belleýşi ýaly, Lebedýew “Çepçi front” oppozision hereketiniň lideri Sergeý Udalsow, aktiwist Leonid Razwozžaýew we gürji syýasatçysy Giwi Targamadze bilen birlikde, 2012-nji ýylyň maýynda Moskwanyň “Bolotnaýa” meýdançasynda köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnapdyrlar.

Geçen ýylyň oktýabrynda Orsýetiň telekanallarynyň birinde Udalsowyň, Moskwadaky protestleri gurnamak üçin, Targamadze bilen duşuşandygy barada gepleşik berildi.

Mundan soňra Udalsowa, Lebedýewa we Razwozžaýewa degişli aýyplamalar ýöňkeldi. Razwozžaýew oktýabrda tussag edildi. Udalsow öý tussaglygynda saklanylýar.
XS
SM
MD
LG