Sepleriň elýeterliligi

Paragwaýda Kartes ýeňdi


Paragwaýyň prezidentlik saýlawlarynda milliarder telekeçi Orasiýo Kartes ýeňiş gazandy.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda Kartes özüniň garşydaşy, dolandyryjy Liberal partiýanyň dalaşgäri Efrain Alegriden 9% aratapawut bilen üstün çykdy.

Saýlawlaryň netijesinde ýurduň başyna Konserwatiw partiýasy geçer. Kartes bu partiýanyň düzümine mundan dört ýyl ozal giripdi. Ol partiýany reformalaşdyrmaga söz beripdi.
XS
SM
MD
LG