Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş azeri diplomaty Ysraýylda


Azerbaýjanyň daşary işler ministri ýurduň taryhynda ilkinji gezek resmi sapar bilen Ysraýyla bardy.

Duşenbe güni Elmar Mamadýarow Ysraýylyň prezidenti Şemon Peres bilen duşuşdy. Şeýle-de Mamadýarow dört günlik saparynyň ilkinji gününde Ysraýylyň parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Awigdor Liberman bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn özara gatnaşyklaryň, Ýakyn Günodgardaky ýagdaýlaryň maslahat edilendigini aýdýar.

Ýekşenbe güni Ramallahda Mamedýarow Palestina awtonomiýasynyň daşary işler ministri Riýad al-Maliki bilen hem duşuşdy.
XS
SM
MD
LG