Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Massaçusets bir minut dymyşlyk edýär


Polisiýa J.Sarnaýewiň saklanýan hassahanasynyň töweregini goraýar. Boston, 21-nji aprel, 2013 ý.

Polisiýa J.Sarnaýewiň saklanýan hassahanasynyň töweregini goraýar. Boston, 21-nji aprel, 2013 ý.

Bostonda we Massaçusetsiň beýleki şäherlerinde ylaýyk bir hepde mundan öň, duşenbe güni, Boston marafony mahalynda bolan partlamalaryň pidalarynyň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk geçirilýär.

Geçen hepde Boston marafonynyň soňky pursatlarynda ýarylan iki bomba üç adamy öldürip, 180-den gowrak adamy ýaradar etdi.

Güman edilýänleriň biri Tamerlan Sarnaýew 19-njy aprelde polisiýa bilen atyşyk netijesinde heläk boldy.

Onuň kömekçisi hasaplanýan inisi Johar Sarnaýew Bostonyň eteginde, töwerekleýin gurnalan gözlegden soň, 19-njy aprelde ele salyndy.

Garşysyna aýyplama taýýarlanýan 19 ýaşly Johar hassahanada ýatyr we bokurdagyndaky ok ýarasy zerarly gürläp bilmeýär.

Boston polisiýasynyň komissary Ed Deýwis ýekşenbe güni şeýle maglumat berdi:

"Güman edilýän agyr, ýöne durnukly ýagdaýda. Federal derňew býurosynyň ýörite sorag topary onuň bilen gürleşmek üçin ol ýere bardy. Emma bu heniz başa barmady. Sorag edilip, derňew ýerinden gozganýança, biz ýene näme bolup biljegini anyk bilemzok."

Şeýle-de Deýwis iki doganyň has kän partlatmany planlaşdyran bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Häkimiýetler iki doganyň polisiýa bilen ýaragly söweşe giren ýerinden öýde ýasalan bombalaryň bir toparyny, 250-den gowrak ok düzümini tapdylar.

Ene-ata aýyplamalara ynanmaýar

Emma iki doganyň ene-atasy ýekşenbe güni Azatlyk Radiosyna öz ogullarynyň galp aýyplanýandygyny aýtdy.

Olaryň atasy Anzor Sarnaýew öz ogullary babatda adalaty gazanmak üçin Birleşen Ştatlara gitmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy:
Anzor Sarnaýew, Mahaçgala, 20-nji aprel, 2013 ý.

Anzor Sarnaýew, Mahaçgala, 20-nji aprel, 2013 ý.


"Men hakyky adalat isleýärin. Meniň [amerikan] polisiýasyndan we gizlin gulluklaryndan bir topar sorajak soragym bar. Meniň özüm hem ýurist. Men jenaýat meseleleri we terrorçylyk baradaky ähli soragyma jogap isleýärin. Meniň bilmegim gerek” diýip, ol özüniň aklawçy tutmak isleýändigini sözüne goşdy.

Oglanlaryň ejesi Zubeýdat Sarnaýewa Azatlyk Radiosyna öz uly ogly Tamerlanyň gözegçilik astynda bolandygyny gürrüň berdi. Ol öz oglunyň soňky bäş ýylda FDB tarapyndan kontrollukda saklanandygyny aýtdy we diýilýän zatlara subutnama ýoklugy üçin garşylyk bildirdi.

Ejesi bilen kakasy Tamerlanyň geçen ýyl Çeçenistana we Dagystana garyndaşlaryny görmäge gelendigini, Orsýetiň zorluk-sütemli bölegindäki jeňçiler bilen duşuşmaga gelmändigini aýtdylar. Kakasy oglunyň wagtynyň köpüsini ýatyp geçirendigini hem gürrüň berdi.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkazyndaky yslamçy garşy duruş hereketi, “Kawkaz emirligi” atlandyrylýan gurama tarapyndan ulanylýan websaýt ýekşenbe güni özüniň Boston partlamalaryna dahylsyzdygyny aýdýan beýanat çap etdi.

Ýekşenbe güni Londonda başlanan şäher marafonynda hem Boston partlamalarynda heläk bolanlaryň hormatyna bir pursat dymyşlyk edildi. Marafona gatnaşýanlaryň köpüsi, raýdaşlyk alamaty hökmünde, gollaryna gara mata daňdy.
XS
SM
MD
LG