Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki dogan Sarnaýewleriň çagalaygy we çeçen kökenleri


Ozalky obadaşlary Sarnaýewler hakda gürrüň berýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:49 0:00

Ozalky obadaşlary Sarnaýewler hakda gürrüň berýärler

Maşgalasy on ýyl mundan ozal Birleşen Ştatlara göçüp barmazdan öň, doganlar Johar bilen Tamerlan Sarnaýew çagalyk ýyllaryny Gyrgyzystanda etnik çeçenleriň köplük bolup ýaşaýan şäheri Tokmakda geçiripdir.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysy Timur Toktalyýew bilen fotožurnalist Ulan Asanalyýew şenbe güni Tokmaga sapar edip, bu maşgalanyň dostlary we tanyşlary bilen gürrüňdeş boldular.

Tokmakdaky çeçenler

Sarnaýewler Tokmakda giňden tanalýan maşgala. Ýerli ýaşaýjylar olaryň 1944-nji ýylda Stalin tarapyndan öz watanyndan kowlan 85 müň çeçen bilen birlikde Tokmaga gelendigini aýdýarlar.

Kommunist diktator awtonom Çeçen-Inguş Sowet Sosialistik Respublikasynyň tutuş ilatynyň - ýarym million adam diýip çaklanýar - köküni öz watanyndan sogrupdy.

50 müňe golaý ilatly Tokmakda häzir 2500 töweregi çeçen ýaşaýar.

Sarnaýewiň maşgala agzalary onlarça ýyllap Tokmakda bolupdyr. Ýöne bu maşgalanyň ýakyn dosty Batruddin Sakaýew oglanlaryň kakasynyň 1990-njy ýylda demirgazyk Kawkaza dolanmagy ýüregine düwendigini aýdýar:

"1992-nji ýa 1993-nji ýylda bolsa gerek, olar Çeçenistana gitdiler. Sebäbi maşgalanyň ol ýerde sowet döwründen galan bir jaýy bar. Çeçen urşy turanyndan soň, olar 1995-nji ýylda tutuş maşgala bolup yzlaryna geldiler. Soňra 2000-nji ýyllaryň başlarynda köp çeçenleriň ýaşaýan ýeri bolan Dagystana gitdiler".

Batruddin bilen beýleki goňşular soňra bu maşgalanyň 1992-nji ýylda Gyrgyzystany terk edendigini tassykladylar.

Iki doganyň çagalyk ýyllary

Johar Sarnaýew 1993-nji ýylda ors respublikasy Dagystanda doglupdyr.

Tamerlan Sarnaýewiň öňki mugallymy Natalýa Kuroçina 1990-njy ýyllaryň başlarynda demirgazyk Kawkazda bolan wakalar Tamerlana oňaýsyz täsir edendir diýip pikir edýär.

"Tamerlan Sarnaýew 4-nji klasdaka men onuň mugallymydym. Onuň maşgala agzalary çeçenistanly bosgunlardy. Tamerlan klasda gaty ýuwaşdy hem-de zehinli oglandy. Men çeçen urşunda gören zatlary oňa belli bir derejede täsir edendir diýip pikir edýärin" diýip, Kuroçina aýdýar.

Ýöne 5-nji we 6-njy klaslarda Tamerlanyň klasdaşy bolan Leýla Alyýewa bu pikirde däl, ol bu barada şeýle gürrüň berýär:

"Men ony diňe gowy tarapdan tanaýaryn. Ol gaty mähirli oglandy. Maşgalasy hem gaty gowudy. Ol köp okardy. Biz bilelikde sazçylyk mekdebine gatnardyk. Ol sport bilen hem gyzyklanardy. Hemmeler ony gowy adam diýip tanaýar. Siz kimden sorasaňyz, ol barada diňe gowy zatlary aýdarlar".

Howpsuzlyk gulluklary bilen "tanyşlyk"

Sarnaýewiň maşgalasy diňe ýerli ilat arasynda meşhur däl. Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň bir ýokary derejeli resmisiniň aýtmagyna görä, howpsuzlyk gulluklary hem maşgalanyň käbir agzalary bilen "ýakyndan tanyş".

Içeri işler ministrliginiň resmisi bu agzalaryň kimlerdigi, olaryň eden işleriniň nämelerdigi barada maglumat berenok. Ýöne maşgalanyň guramaçylykly jenaýat işleriniň başlygy bolan Aziz Batukaýew bilen şahsy gatnaşykdan başga näme ilteşikleriniň bardygy belli däl. Sarnaýewler bilen duldegşir goňşy bolup ýaşan Batukaýew häzir Çeçenistanda bolýar.

Gyrgyz parlamenti Aziz Batukaýewiň aprel aýynyň başynda näme üçin möhletinden öň türmeden boşadylandygy barada derňew geçirip ýör.

Batukaýew ençeme jenaýat işlerine gatnaşandygy üçin 2006-njy ýylda 17 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edildi.

Gyrgyz şäheri Narynda Batukaýewiň saklanan türmesiniň işgärleri onuň leýkimiýa keselinden ejir çekenligi üçin möhletinden öň boşadylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG