Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça hasabatyny diňleýär


Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Wýaçeslaw Mämedow
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Wýaçeslaw Mämedow
Şu hepdede BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diňlenişik geçirilýär. Türkmenistan tarapyndan bu diňlenişige ençeme ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygy habar berilýär. Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň resmi toparynyň Ženewa edýän bu sapary 28-nji aprele çenli dowam etdiriler.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde geçirilýän şeýle diňlenişikleriň maksady näme? Şeýle maslahatlar Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy şeýle maslahatlara gatnaşýan guramalaryň biri bolan Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Türkmenistanyň demokratik graždan bileleşigi” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada döwürleýin hasabatyň diňlenýändigi barada habar berilýär. BMG-niň bu diňlenişikleri barada maglumat berseňiz. Şeýle maslahatlar näme maksat bilen geçirilýär?

Wýaçeslaw Mämedow: Bu çäre dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada yzygiderli maglumat berlip durmagyny göz öňünde tutýar. BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi şeýle diňlenişikleri geçirmek arkaly ýurtlaryň adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça amala aşyrýan resmi çärelerine syn edýär. Şeýle diňlenişikler, adatça, 3-4 ýyldan bir gezek geçirilýär. Tükmenistan boýunça soňky diňlenişik 2008-nji ýylda geçirlipdi. Şonda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistan boýunça ilkinji resmi hasabat diňlenipdi.

Azatlyk Radiosy: Bu maslahata diňe resmi wekiller gatnaşdyrylýarmy ýa-da hökümete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary-da goýberilýärmi?

Wýaçeslaw Mämedow: Şeýle maslahatlara, esasan, Geňeşiň agzalary we ýurtlaryň resmi wekilleri gatnaşdyrylýar. Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary, halkara guramalaryň agalary hem gatnaşyp bilýärler, emma olara hasabatyň mazmuny boýunça diskussiýalara gatnaşmak hukugy berilmeýär olar göni sorag hem berip bilmeýärler.

Azatlyk Radiosy : Onda jemgyýetçilik guramalary şeýle maslahatlarda öz tekliplerini nädip öňe sürýärler? Olaryň problemalary gozgamagy üçin nähili mümkinçilikler bar?

Wýaçeslaw Mämedow: Munuň üçin ýörite çäreler geçirilýär. BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde resmi maslahatlaryň geçirilmeginden ozal bu geňeşiň agzalary, adatça, jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşýarlar we problemalar boýunça garaşsyz garaýyşlar bilen tanyşýarlar. Türkmenistandaky ýagdaý boýunça türkmen aktiwistleri bilen şeýle duşuşyk mart aýynyň aýagynda Ženewada geçirildi.

Azatlyk Radiosy: Hökümete degişli bolmadyk türkmen guramalary şu sapar nähili problemalary gozgadylar?

Wýaçeslaw Mämedow: Ýyllar boýy dowam edýän problemalaryň ençemesi gozgaldy. Ilkinji nobatda aýallaryň hak-hukuklarynyň depelenmegi, tussag astyndaky adamlaryň gorkuzylmagy we gynalmagy, kanuny goraýjylaryň eden-etdilikleri, hereket azatlygynyň çäklendirilmegi, din azatlygyna basyş edilmegi, goşa raýatlyga eýe bolan 50 müňe golaý adamyň kynçylyklara sezewar edilmegi bilen bagly problemalar gozgaldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileri halkara jemgyýetçiligi bilen adam hukuklary meselesini ozalky ýyllara garanda has köp maslahat edip başladylar. Bu ýurtda ynsan hukuklarynyň berjaý edilişine iş ýüzünde nähili täsir ýetirdi?

Wýaçeslaw Mämedow: Gynansak-da, şeýle maslahatlaryň köpelmegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň gowulanmagyna getirmedi. Türkmen resmileri ýurtda ähli azatlyklary kepillendirýän kanunlaryň bardygyny ýatlatmak bilen çäklenýärler. Emma resmi derejede edilýän beýannamalar hakyky ýagdaýdan tapawutlanýar. Şeýlelikde Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde öňegidişlik ýok diýmäge esas bar.
XS
SM
MD
LG