Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Baýhanow: Ýeke-täksiň watanym!


Akmuhammet Baýhanow
Akmuhammet Baýhanow
Azatlyk Radiosy, şu wagt daşary ýurda çykan, iň soňky döwlet wezipesi Aşgabatdaky “Gündogar” konditer fabriginiň baş müdiri bolan, soň bolsa Ýewropada, Türkiýede, Rusýada, Ukrainada we beýleki ýurtlarda biznes bilen meşgullanyp ýörkä Nyýazow režimi tarapyndan tussag edilip, zyndanda ýatan Akmuhammet Baýhanow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, şu wagt ynha siz daşary ýurda çykypsyňyz. Indi näme bilen meşgullansam diýýärsiňiz? Nähili planlaryňyz bar?

Akmuhammet Baýhanow: Daşary ýurda çykmagymyzyň esasy sebäplerinden biri bu taýda biznes taýdan iş gurnamaklyk. Zyndanda oturan mahalym alyp baran işlerim bar.

Ondan soň bäş ýyl öýümde oturyp ýaşamaly boldum. Şol döwürlerde giden şygyrlar, kitaplar ýazdym. Şolary neşir etmeklik we olary öz halkymyz bilen dünýä köpçüligine ýetirmeklik meniň öz öňümde goýan wezipelerim bolup durýar.

Akmuhammet Baýhanow
Akmuhammet Baýhanow

Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, siz Nyýazow režiminiň pidalaryndan biri. Syýasy tussag höküminde zyndanda ýatan wagtyňyz birnäçe roman, ençeme kitap goşgy, saz we aýdym ýazdyňyz. Şolary Türkmenistanda çap etmek islediňizmi? Näme üçin olary Türkmenistanda çap etmän, daşary ýurtda çap etmegiň ýollaryny gözlediňiz?

Akmuhammet Baýhanow: Elbetde, men Türkmenistanda eserlerimi çap etdirjek bolup synanşyp gördüm. 2007-nji ýylyň awgust aýynyň aýaklarynda bir şygyr ýazypdym.

Azatlykda gezip ýörendigim üçin Türkmençe aýdylanda “Sag bolsun, Taňryýalkasyn” diýlen manyda bir şygyrdy. “Azatlygy bereniňiz üçin sag boluň” diýen manyda ýazylypdy. Şygyry ýazyp, medeniýet ministrliginiň sungat bölümine bardym. Ol ýerde bir adam oturan ekeni. Meniň şygyrymy diňledi. Soň ol adam:

-Emma, biz munyň ýaly şygyrlary çap edemizok. Dogry düşüniň – diýdi.

Men:

-Nämä dogry düşünmeli? Ýa göwnüňize ýaramadymy bu şygyr – diýsem, ol:

-Ýok, şygyryňa söz ýok. Ýöne biz rugsatsyz çap edip bilmeris – diýdi.

Kimden rugsat almaly, men ony bilemok. Şeýle diýlenden soň men yzyma dolanyp, gaýtdym. Gaýdyp o taýda şygyrdyr-kitap çap etmeklik meselesini goýdum. Indi mundan beýläk nesip bolsa ýagdaýa göräräk bolarys.

Azatlyk Radiosy: Edebiýata sizi iten sebäp näme?

Akmuhammet Baýhanow: Elbetde duýgular sebäp bolandyr. Şol döwrüň bigünä zulmy, aýraçylyk, günäsiz zyndanda oturmaklyk, elbetde, bu zatlar pikir etdirdi we şol wagt hem men şygyr ýazyp başladym.

Akmuhammet Baýhanow
Akmuhammet Baýhanow


Azatlyk Radiosy: Siziň durmuşyňyzyň zyndanda geçen bir döwri bar. Soň, azatlyga çykyp öýüňizde oturan döwrüňiz bar. Daşary ýurda çykanyňyzdan soň nähili duýgylar has öňe saýlandy. Şol döwürleriň arasyndaky tapawutlar siziň goşgylaryňyzda nähili belli bolýar?

Akmuhammet Baýhanow: Döwürleriň arasyndaky temalarda tapawut elbetde bar. Sebäbi her zaman, her pursat özüçe adamyň aňyna täsir edýär. Bu sebäňden elbetde maňa-da şeýleräk täsir edendir. Meselem zyndanda otyrkam şeýleräk şygyr ýazdym:

Eý, ýaradan Taňrym, bu ne bet hasrat,
Tenimden, süňňüme ötüp, baradyr.
Ne döwre kybapdaş, bar kişi basdaş,
Biri-biriniň etini iýip, baradyr.

Ýokardan ýol ýasan, öýi ýerzemin,
Halky görmedi, düýnki ýetim,
Unutdy kimdigini, çagalyk döwrün,
Ol halkyň rysgalyn iýip baradyr.

Şu setirleri şol wagt ýazmak bilen, şol wagtky režimiň başynda duran adamyň eden-etdiliklerini öz şygyrymda beýan etdim. Günäsiz adamlaryň basylmagyny, adamlaryň maşgalalaryndan aýrylyp horlanmagyny şygyrlarymda beýan etdim. Elbetde bu zatlary adamlar kitabym çykandan soň okarlar we özleri baha bererler.

Azatlyk Radiosy: Siz azatlyga çykaňyzdan soň nähili duýgular, nähili temalar siziň eserleriňizde öňe saýlandy?

Akmuhammet Baýhanow: Azatlyga çykanymdan soň başgaçarak temalar boldy. Umuman eserlerimiň içinde zyndan wagtam, zyndandan çykylan soňam, filosofiýa şygyrlary köpçülik edýär.

Adamzadyň pikiri, akyl-paýhasy, adamlaryň özara gatnaşyklary, özlerini alyp baryşlary barada. Olary her hili tankyt edip ýa-da wasp edip, şygyrlarda görkezýärin. Söýgi barada hem görkezýärin. Meselem:

Köňlüm saňa aýdaýyn,
Bagy-bossandyr, dünýe.
Garaşsaň ajap söýgä,
Söýgi, mekandyr dünýe.

Baglaryňda guş bolsam,
Daglaryňda goç bolsam,
Gözleriňde ýaş bolsam,
Söýgi, mukamdyr dünýe.

Meselem, häzir dutarda aýdanlarymyň birinden size iki topbak aýdyp bereýin:

Belent daglaryň çür depesi,
Şyldyrdap akar, suw-çeşmesi.
Sensiň ýüregmiň damjasy,
Eräp, akanym, dälmidiň?!

Gel diyseň, ýanyňa baraýyn men,
Bagyňda dutarym çalaýyn men,
Akmuhammet, ýar diýsem, sen,
Baky ykbalym, dälmidiň?!

Ynha şular ýalyrak şygyrlarymy ýazmaga dowam etdim. Zyndandan çykanymdan soň has bir täsirli döwür başlandy. Hawa, näme, adam azatlyga çykandan soň elbetde hemişe galkynýar. Şonda ýazan şygyrlarymdan bir mysal bersem:

Eý, adamzat, diňle töwerek-daşy,
Bu dünýe geňdir, kimde göz ýaşy.
Kimse garaşmady, gondy bagt guşy,
Kimse düýn aglady, bu gün şat indi.

Ynha şol çekilen jebirler elbetde birden ýatdan çykan däldir-dä. Muňa garamazdan şatlyk, töwerek-daşyň, maşgalaň, dost-ýarlaryň begenji, öz ýürek duýgyňy, ynha şular ýaly zatlary ýazmak maňa miýesser etdi.

Soňky bäş ýyldan soň, indi dünýä çykyp, dünýäni gezip başladyk. Şunuň ýaly iş gurmaklyk niýetimiz bar. Tema indi üýtgedi, başgaçarak, has köp dünýä we watan bilen bagly temalar orta çykyp dur. Soňky şygyrlarymyň biri ynha martyň 27-sinde ýazylan. Ady “Merdi göräliň dostlar!”

Ýör gideliň jahana,
Zamana geldi, dostlar!
Başga barmy bahana,
Pikirim beýandyr, dostlar!

Bahar güller açanda,
Dünýä nuryn saçanda,
Beýik dagyň başynda,
Ýurda bakalyň, dostlar!

Ak maýanyň üstünde,
Garagumyň düzünde,
Amyderýaň boýunda,
Ýurdy gezäliň, dostlar!

Säher gün hem doganda,
Bagşy sazyn çalanda,
Öý-saçagyň başynda,
Gök çaý içäliň, dostlar!

Kimse söýer watany,
Halk halamaz - nadany,
Akmuhammet, söz barmy,
Merdi göräliň, dostlar!

Indi hem şeýleräk temalarda her günde birden-ýarymdan şygyrlarymy ýazyp otyryn...

Akmuhammet Baýhanow
Akmuhammet Baýhanow
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, siz Nyýazow režiminiň pidalaryndan biri bolduňyz we syýasy tussag bolup zyndanda ýatdyňyz. Siz, diktator Nyýazowuň guburyna baryp, şonuň bilen razylaşyp gaýtdyňyz diýip eşitdik. Şol pursady öňünden nähili pikir etdiňiz? Şeýle etmek bilen maksadyňyz nämedi? Şonuň bilen ol ýerde razylaşyp gaýdan mahalyňyz nähili duygylary we pikirleri başdan geçirdiňiz? Şuny hem Dünýä Türkmenleri bilen paýlaşsaňyz?

Akmuhammet Baýhanow: Bu pursat mende tötänden bolup geçdi. Gypjakda gurlan uly metjit bar. Gelen myhmanlarym şony göräýsek diýip menden haýyş etdiler. Şol metjide bardym.

Myhmanlar bilen bir el galdyryp, çykdym. Metjidiň gapdalynda, biz zyndanda otyrkak gurlan kiçiräk binalar bardy. Ol ýerde durandan “Bu näme?” diýip, sorasam, ol “Saparmyrat Nyýazow jaýlangy” diýdi.

Men myhmanlara hem hiç zat diýmän şol tarapa yöräp gitdim. Bardym, içine girmäge rugsat berilýän ekeni. Girip görsem aşakda onuň gubury bar. Edil şol wagt meniň kelläme bir pikir geldi.

Iki elimi al-asmana göterip “Eý, Taňrym! Men şu aşakda ýatanyň günäsini geçýän. Maňa ömür we saglyk ber!” diýdim. Şeýdip, oňa-da “Ýatan ýeriň ýagty bolsun! Amin” diýdim-de, dolanyp gaýtdyberdim...

Ýeke-täksiň watanym!

Siňendir saňa döken göz ýaşym,
Dünýede ýeke-täk ýurdum, watanym!
Ýaňlanar gülenim, çalan owazym,
Ýeke-täksiň dünýede, ýurdum, watanym!

Çagalykdan topraga aýagym basdym,
Onýedime çenli ylgadym, gezdim,
Hiç unutmadym, ýene dolandym,
Ýeke-täksiň dünýede, ýurdum, watanym!

Tomusyň geler, duran jöwzamy,
Güýzüň tagam-nagmadan doly,
Gyşyň garamy, ýagyşmy, garmy,
Ýeke-täksiň dünýede, ýurdum, watanym!

Ýaz çyksa güllär, çölüň ýaýlasy,
Köpendagyň, Köýtendagyň jülgesi,
Düýeler, Garagumyň iner-maýasy,
Ýeke-täksiň dünýede, ýurdum, watanym!

Dem alsam, dermandyr dagyň howasy,
Topragyňdan bal öner, ak pamykdyr baýlygy,
Aýtsam, Akmuhammet, watanym barmy?!
Ýeke-täksiň dünýede – Türkmenistanym!
XS
SM
MD
LG