Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun arap döwletlerini siriýa konfliktiniň hiç bir tarapyny ýarag bilen üpjün etmezlige çagyrdy.

Ban bu beýanaty duşenbe güni, BMG-niň baş edarasynda Arap ligasynyň baş sekretary Nabil Elarabi we Kataryň pemýer-ministri Hamad bin Jassim Al Tani bilen duşuşanda etdi.

Emma Elaraby häzir Siriýa barýan ýarag akymyny duruzmagyň mümkin däldigini aýtdy.

Onuň düşündirişine görä, Siriýanyň hökümeti “belli bir taraplardan” ýarag alýan wagty pitneçiler hem, deňagramlylygy saklamak üçin, ýarag almaly bolar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýakyn ýarany Orsýet, aýdylmagyna görä, Eýran we Hizbulla bilen bilelikde, Siriýanyň esasy ýarag üpjünçisi bolup durýar.

Katar pitneçi söweşijileri has agyr ýaraglar bilen üjün etmek baradaky pikiriň tarapdary.
XS
SM
MD
LG