Sepleriň elýeterliligi

Kanada: Iki adam terrorda aýyplandy


Kanadanyň polisiýasy iki adamy Kanadanyň ýolagçy otlusyna garşy terror hüjümini planlaşdyranlygy üçin tussag etdi.

Kanada korollugynyň atly polisiýasy duşenbe güni Çiheb Ýesseghaýer bilen Raýed Jaseriň demir ýola garşy Al-Kaýda goldawyndaky hüjümi amala aşyrmak barada dil düwşendigini aýtdy.

Bu derňew Kanadanyň kanun goraýjy gulluklarynyň FDB we ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk departamenti bilen bilelikde geçiren serhetaşa operasiýasynyň bir bölegidi.

ABŞ-nyň Adalat departamentiniň adyny aýtmadyk bir resmisi AP habar gullugyna Kanadadaky terror plany bilen Boston marafonyndaky partlamalaryň arasynda baglanyşyk ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG