Sepleriň elýeterliligi

Milletçiler dawaly adalara golaýlady


Ýapon milletçileriniň bir topary sişenbe güni birnäçe gämili Tokio bilen Pekin arasyndaky dawaly adalaryň golaýyna bardy.

“Ýaponiýa, berk dur” diýen milletçi toparyň 80 çemesi aktiwstini getirýän onlarça gämi gündogar Hytaý deňzi adalarynyň töweregindäki suwlara girdi.

Bu adajyklara Ýaponiýa kontrolluk edýär, emma Hytaý özygtyýarlylygyny goraýandygyny aýdyp, bu ýere gämi iberýärdi.

13 gämili Kenar goragy Hytaýyň 8 sany patrul gämisiniň Tokionyň özüniňki hasaplaýan suwlaryna girendigini aýdýar.

“Ýaponiýa, berk dur” toparynyň agzalary öz saparlarynyň balykçylyk maksatlary bilen baglydygyny aýdýar.

Geçen awgustda bu toparyň on töweregi aktiwisti şu ýerdäki adajyklaryň birine gelipdi.
XS
SM
MD
LG