Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Eneň bilmeýän eken


Satira karikaturasy

Satira karikaturasy

Döredijilik işgärleriniň durmuşy, adatça, dürli hili täsin we geň-taň wakalara baý bolýar. Käte olaryň durmuşyndaky adaty bir zat bolup görünýän wakalar wagtyň geçmegi bilen degişme-ýomaklara öwrülip gidýär.


Eneň bilmeýän eken

Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymy Hojaberdi aga Hanow edebiýaty öwreniş ylmyna uly goşant goşan alymdy. Ol durmuşyň ajysyny dadan adamlaryň biridi. 1941-nji ýylda Beýik
Watançylyk urşy başlananda ol Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) Gündogary öwreniş institutynda okaýan eken.

Şol ýerdenem goşun gullugyna alynýar. Söweşde alan kontuzýasy (nerw-psihiki hassalyk) sebäpli gullukdan boşadylýar. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer yranmasynda aýalyny,
taýly perzendini ýitirýär.

Bu ýowuz aňyna-psihikasyna zeper ýetiripdi. Onuň çendan-ýarym gahary gelip, gyzmasy bardy. Ýöne özüni çalt ele alyp, köşeşerdi.

Ol studentlere “Türkmen halk döredijiligi” dersinden sapak bererdi. Uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetiniň 1-nji kursunda Hojaberdi aga bizi-de şol dersden okatdy. Ol juda janypkeşdi. Halk döredijiliginiň her şahamçasyny: ertekini, läläni, hüwdüni, monjukatdyny, ýaňyltmajy… geçende onuň il içinde aýdylyşyny-da ýerine ýetirip (jäje kakyp, hüwdi aýdyp) düşündirerdi .

“Şer tapsa, şeker tapana” dönýän kursdaş oglanymyz goja mugallymyň çetine degmek üçin bezzatlyk edip:

- Öwrenjegimiz şu bolsa, uniwersitete okuwa girmegem gerek däl eken. Ýoldaş mugallym, Siziň öwredýänleriňizi meniň garryja enem-de bilýär – diýerdi.

Hojaberdi aganyň gahary gelerdi. Ýöne özüne zor salyp dymardy. Biraz dymandan soňra ýene-de sapagy dowam ederdi. Aý aýlandy, ýyl dolandy, 5-nji kursuň ahyrynda Döwlet ekzamenlerini, ýagny gutardyş ekzamenlerini tabşyrýardyk.

Ony döwlet komissiýasy kabul edýärdi. Hojaberdi aga-da komissiýasynyň agzasydy.“Türkmen edebiýaty” dersinden döwlet ekzamenini tabşyranymyzda 1-nji kursda “… öwredýäniňizi meniň garryja enem-de bilýär” diýip, Hojaberdi aga kän “ezýet” beren kursdaşymyzyň çeken biletindäki 3 soragýn 1-njisi “Marksizmiň-leninizmiň klassyklary şahyrana halk döredijiligi hakynda” diýen sowaldy.

Ol bilede jogap bermek nobaty ýetende münbere çykyp:

- Bilediň birinji soragynýn jogabyny bilemok - diýdi.

Hojaberdi aga deslap pyňkyrdy, soňra-da çasly gülüp ugrady. Gülküniň arasynda:

- Eýsem, eneň-de bilenokmy? Beý, eneň marksizmiň-leninizmiň klassyklaryny bilmeýän eken –diýdi.

Kursdaşynyz bäş ýyl ozal eden bezzatlygyna utanyp dymsa, döwlet komissiýasynyň agzalary nämäň-nämedigine düşünmän dymýardi. Hojaberdi aga gyzyl-gyran gülüşdirip, bäş ýyl ozal bolup geçen ýagdaýy gürrüň berdi. Soňra-da:

- Ýaş-ýeleňler özüni görkezjek bolup, özüni özgelere göz etjek bolup, çendan gödegräk bezzatlyk edýär. Bu oňat zat. Bezzatlygy bolmadyk ýaşlykdan ýaşlyk bolmaz. Inimi horlamaň, beýleki iki soragy soraman, dörtlük goýuň – diýdi.

Döwlet kommissiýasynyň agzalarynyň tas ählisi Hojaberdi aganyň öňki okuwçylarydy. Olar goja
mugallymyň raýyny ýykmadylar.

Türkmenler göripdir

Milleti azeri Ruhy Alyýew türkmeniň arasynda önüp-ösüpdi. Ol XX asyryň 30-njy ýyllarynda türkmen sowet edebiýatynyň binýadyny tutan şahyrlaryň biridi. Üstesine-de alym adamdy.

Onuň aýalynyň ady Kümüşdi. Mekdepde mugallyma bolup işleýärdi.Il içinde tutulýan ýörgünli ady Ziýanida Mämmedownady. Ruhy Alyýew özünden ýaşkiçi aýalynyň adyny “Sumuş” diýip tutardy.

Ruhy aganyň 70 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasy onuň edebiýatda, ylymda bitiren hyzmatlaryna bagyşlanan öwgüli makalalar yzly-yzyna metbugatda çap edildi. Adamysyna goýulýan hormat-sarpa buýsanan Kümüş gelneje:

- Ruhy, sen eýýäm ýetmiş ýaşadyňmy? Tüweleme, galamdaş, işdeş ýoldaşlaryň saňa sarpasy uly eken. Haýsy gazet-žurnaly açsaň, sen hakda öwgüli makala bar – diýipdir.

Aýalynyň ýanynda özüni mydama ýaş görkezmäge çalyşýan Ruhy aga Kümüş gelnejäniň bu sözüne öz garrylygynyň ýüzüne aýdylmagy diýip düşünipdir. Oňa:

- Ynanma Sumuş, türkmenler görip milletdir. Ýaşymy kast edip ulaldýarlar. Hakyky ýaşym ýetmiş däl-de, altmyş dokuzdyr – diýip, çyny bilen gatyrganypdyr.

Başga durak ýokmy

Ýazyjylaryň Pöwrüzedäki döredijilik öýi (45-nji daça) Edebiýat fondunyň balansynda (garamagynda) durýardy. 1990-1992-nji ýyllarda düýpli gurluşyk işlerini (rekostruksiýa) geçirip, XX asyryň 30-nji ýyllarynda salynan köne jaylaryň ençemesini ýykyp, olaryň duran ýerinde 16
sany 2 gat (2 etaž) kotej bina etdik.

1992-niň tomsunda olar ulanylmaga berilýärdi. Maý aýynyň başynda ýanyma menden 2-3 ýaşkiçi, zehinli ýazyjy, ýuwaştap ýigit Ahmet Halmyradow geldi. Ol:

- Şahyr däde (ýaşkiçi ýazyjy-şahyrlaryň tas ählisiniň adymy tutuşy), täze kotejleri ulanmaga
berýän ekeniňiz. Düýn Pöwrüzä, döredijilik öýüniň direktorynyň ýanyna baryp, şol kotejlerden birini bermegi haýyş etsem, uly başlykdan, Edebiýat fondunyň baş direktoryndan, ýagny senden birugsat koteji berip bilmejegini aýtdy. Şahyr däde, maşgalam bilen tutuş tomus Pöwrüzede
dynç aljak. Gaýrat edip, kotejiň birini maňa ber - diýdi. Men ilki:

- Şahyr dädeň kimdigini indi tanadyňmy?! Kotej gerek bolsa, çynyň bilen ýalbar – diýip, çetine degdim. Soňra-da:

- Ertir Pöwrüzä gidip, edilýän işleri görmekçi. Irden gel, bileje gideris, geregiň kotej bolsa bereris, inim! - diýdim.

Ertesi gün irden Ahmet bilen bile Pöwrüzä gitdik. Barsak, Döredijilik öýüniň işgärleri kotejlere täzelikde satyn alynan mebelleri çekýän eken. Köpüsem kir ýuwujy, tam süpüriji… bolup işleýän gelin-gyzlardy. Men Ahmede:

- Inim, islän kotejiň seniňki. Saý-sebäp bilen üstüne geldik, gelinlere mebel çekmäge kömekleş! Öz saýlan kotejiňde mebeli gurnap, jaýyň açaryny alyp git! Tölegini soň tölär ýörersiň - diýdim.

Ahmediň ökjesi ýere ilmän işläp başlady. 4-5 sagat işlänsoň lüti çykyp ýadap ýanyma geldi:

- Şahyr däde, menden başga durak (akyly ýuwka) tapmadyňmy? - diýdi.

Men Döredijilik öýüniň howlusynda oýnap ýören 7-8 ýaşly çagalara (olar şol ýerde içleýänleriň
çagalarydy) baş atyp:

- Ahmet jan, olar bar, ýöne entek juda ýaş, gögele – diýdim.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW
XS
SM
MD
LG