Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan adam hukuklary barada hasabat berdi


BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçiren döwürleýin synynda çykyş eden türkmen delegasiýasy, Ženewa, 22-nji aprel, 2013.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçiren döwürleýin synynda çykyş eden türkmen delegasiýasy, Ženewa, 22-nji aprel, 2013.

Şü günler Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde ýurtlaryň ynsan hukuklary barada milli hasabatlary diňlenýär. 22-nji aprelde Türkmenistan hasabat berdi. Maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý edişiniň tankyt edilenligi habar berilýär.

Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 22-nji apelde geçiren diňlenişiginde Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi tarapyndan özüne 2008-nji ýylda berlen rekomendasiýalaryň köpüsini ýerine ýetirendigini aýtdy.

Edilen işler

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýew diňşlenişikde eden çykyşynda, hususan-da, ýurduň milli kanunlaryny kämilleşdirmek olary halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça çäreleriň görlendigini aýtdy.

Hajyýewyň sözlerine görä, Türkmenistan ençeme halkara ylalaşyklaryna, şol sanda maýyplaryň hak-hukuklary boýunça halkara konwensiýa, çaga zähmetiniň iň ýaramaz görnuşlerini gadagan etmek barada halkara konwensiýa, temmäkä garşy göreş boýunça halkara konwensiýa we raýatlygy bolmadyk adamlaryň statusy boýunça konwensiýa goşulypdyr.

Şeýle-de Wepa Hajyýew Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça milli hasabatynda hökümetiň sosial ugurlarda amala aşyrýan çärelerini, şol sanda ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň galdyrylýandygyny, ilatyň mugt benzin, gaz we duz bilen üpjün edilýändigini hem agzap geçdi.

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hayýew beren hasabatynyň Türkmenistanda halkara konwensiýalaryny we milli kanunlary berjaý etmek boýunça “işiň maksada laýyk alnyp barylýandygyny tassyklaýandygyny” belledi.

Tankytlar we rekomendasiýalar

Muňa garamazdan, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça hasabatynyň diňlenişiginde käbir döwletler türkmen hökümetiniň ynsan hukuklary boýunça ädimlerini “ujypsyz” diýip atlandyrdylar. Käbir günbatar döwletleri Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça hasabatynyň sorag döredýändigini aýtdylar.

Hususan-da, Swesiýa Türkmenistanda söz azatlygynyň çäklendirilmegine we wyždan ýesirleriniň tussaglykda saklanmagyna aladalanma bildirdi.

Swesiýanyň wekili Türkmenistanyň 2012-nji ýylyň dekabr aýynda kabul eden Media barada kanunynyň iş ýüzünde ulanylmagy üçin şertleriň sorag astynda galýandygyny belledi we Türkmenistana her bir raýatyň, şol sanda adam hukuklaryny goraýjylaryň, oppozision partiýalaryň, dinçileriň, graždan aktiwsitleriniň we žurnalistleriň söz azatlygyndan erkin peýdalanmgy üçin şert döretmegi maslahat berdi.

Şeýle-de Şwesiýa Türkmenistanda wyždan ýesirleriniň tussag astynda galýandygyna we tussaglaryň saklanýan şetleriniň ýaramazdygyna aladalanma bildirip, Türkmenistanyň ähli tussaghanalaryna garaşsyz halkara gözegçileriniň baryp görmegine doly rugsat berilmelidigini aýtdy.

Rumyniýa Türkmenistana “wajyp halkara komwensiýalaryny ratifisirlemek işini dowam etdirmegi, şol sanda gynamalara garşy konwensiýany” güýje girizmegi teklip etdi.

Orsýet Türkmenistanyň adam hukuklaryna gözegçilik boýunça halkara mehanizmleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny makullady. Orsýet tarapyndan Türkmenistana edilen rekomendasiýalarda, hususan-da, ilatyň ynsan hukuklary we bu ugurdan halkara düzgünleri barada bilimini artdyrmak, aýallaryň we çagalaryň hak-hukuklaryny goramak we ýurtda ýaşaýan etnik azlyklaryň hukuklaryny goramak boýunça iş alyp barmak maslahat berildi.

22-nji aprelde Ženewada Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça hasabatynyň diňlenişigi BMG-ä agza döwletlerde adam hukuklarynyň berjaý edilşine döwürleýin synyň çäginde geçirildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG