Sepleriň elýeterliligi

Halkara guramalary Orsýeti tankytlaýar


Çarşenbe güni “Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalary Orsýetdäki raýat jemgyýetine we hususy azatlyklara görkezilýän basyşlary berk tankyt edip, ýörite hasabat ýaýratdylar.

Bu iki guramanyň bilelikde ýaýradan hasabatynda 2012-nji ýylyň maýynda Wladimir Putiniň häkimiýet başyna gaýtadan geleli bäri Orsýetde raýat jemgyýetine we hususy azatlyklaryna garşy çäreleriň görnetin güýçlenendigi bellenilýär.

“Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalary Orsýetde hökümetden aýry guramalar barada kabul edilen täze kanunyň we soňky wagtlar bu guramalaryň işini derňemek boýunça geçirilýän barlaglaryň halkara şertnamalaryna garşy gelýändigini belläpdirler.
XS
SM
MD
LG