Sepleriň elýeterliligi

Belgorod: Adam öldürmekde güman edilýän ele salyndy


Polisiýa wekili alty adamy atyp öldürmekde güman edilýän Sergeý Pomazuny ele salýar, Belgorod, 24-nji aprel, 2013.

Polisiýa wekili alty adamy atyp öldürmekde güman edilýän Sergeý Pomazuny ele salýar, Belgorod, 24-nji aprel, 2013.

Orsýetiň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Belgorod şäheriniň polisiýasy şu hepdäniň duşenbe güni alty adamy öldürmekde güman edilýän adamy ele salandygyny aýdýar.

ITAR-TASS agentliginiň ýazmagyna görä, Içeri işler ministrliginiň ýerli bölümi Sergeý Pomazunyň ýük otlusynda şäheri terk etmäge synanyşanda sişenbe güni ele salnandygyny mälim etdi.

Pomazunyň polisiýa garşylyk görkezip, eli pyçakly topulandygy habar berilýär. Pomazuny tussag eden polisiýa wekilleriniň biri ýaralandy we keselhana düşdi.

Derňewleriň netijesi

Derňewçileriň aýtmagyna görä, Pomazun 22-nji aprelde awçylyk ýaraglarynydyr harytlaryny satýan dükanda ogurlyk etmek niýeti bilen, dükanyň üç işgärini atyp öldüripdir.

Munuň yz ýany Pomazunyň azyndan bir sany tüpeňi we käbir ok-därileri alyp köçä çykandygy we geçip barýan iki ýetginjek gyzy atyp öldürendigi habar berilýär. Soň Pomazun atasynyň BMW maşynyna münüp gaçmakçy bolan pursatynda ýene bir adamy atyp öldüripdir.

Soňra onuň bu maşyny taşlandygy habar berilýär.

Içeri işler ministrligi Pomazuny ele salmak boýunça geçirilen operasiýa 2 000 gowrak polisiýa işgäriniň gatnaşandygyny, Ukraina degişli goňşy regionlaryň häkimiýetleriniň hem geçirilýän gözlegler barada habarly edilendigini aýtdy.

Derňewçiler Pomazuny sorag edip başladylar.

Aýyplama we jeza

Mundan soň Pomazunyň ruhy sagdynlyk taýdan barlanjagy we onuň suduň öňünde jogap bermäge näderejede ukyplydygynyň anyklanjagy habar berilýär.

Sergeý Pomazuna birnäçe aýyplama ýöňkelýär. Ol adam öldürmekde, ýarag götermekde, ýaragy ogurlamakda we ony ulanmakda, şeýle-de polisiýa işgäriniň janyna kast etmäge synanyşmakda günälenýär. Eger ol sud tarapyndan günäli hasaplansa, ömürlik tussaglyga höküm edilmegi mümkin.

Belgorod şäheriniň sudy Sergeý Pomazunyň işine penşenbe güni garar diýip garaşylýar.

Pomazun ele salnanda Belgorod şäherinde duşenbe günki ok atyşygyň pidalalarynyň hatyrasyna ýas tutulmagynyň ikinji güni dolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG