Sepleriň elýeterliligi

Çagalaryň Gökderedäki we Awazadaky dynç alyş merkezlerinde dynç almak mekdepleriň başlangyç klaslarynyň her bir okuwçysynyň arzuwy.

Bu ýerlerde soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme dynç alyş merkezleri guruldy. Çagalary üç tapgyrda kabul edýän dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklary üçin hemme amatlyklaryň döredilendigi aýdylýar. Dynç alyş döwründe çagalar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýarlar. Gyzykly gezelençler guralýar diýip, ol ýerde bolan çagalar gürrüň berýärler.

Töleg

Emma her bir mekdep okuwçysynyň bu dynç alyş merkezlerinde dynç almak mümkinçiligi ýok. Paýtagtyň ýaşaýjysy, 39 ýaşly Döwran bu dynç alyş merkezlerinde dynç almak üçin 20 günlük ýollamalaryň ýa-da putýowkalaryň bahasynyň mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň aglabasy üçin elýeterli däldigini aýdýar: “Gökderedäki dynç alyş merkezleriniň ýollamalarynyň bahalary dynç alyş merkezleriniň [tapawudyna] görä 420-500 manat aralagynda. Bu pul meniň aýlygymyň ýarysyndanam geçýär”.

Gökderedäki we Awazadaky dynç alyş merkezlerine ýollamalaryň häzirki bahalary sebäpli 2-3 çagaly ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalaryny şol dynç alyş merkezlere ibermek mümkinçilikleriniň asla ýokdugy hem aýdylýar.

Döwranyň aýdýan nyrhlary ýollamalaryň doly bahasy. Emma käbir döwlet edaralarynyň profsoýuz guramalary öz işgärlerine kömek hökmünde şol ýollamalaryň bahasynyň ep-esli bölegini töläp bilýär. Aşgabadyň "Tekstil" kärhanasynda işleýän 37 ýaşly Gözeliň edarasynda şeýle ýagdaý bar. Ýöne arzan bahadan berilýän ýollamalar hem çäkli.

“Profsoýuzymyzyň başlygy şu ýyl 30 sany ýollamanyň beriljekdigini aýtdy. Olaryň bahasy 120 manat. Ýöne bu ýollamalar biziň edaramyz üçin az bolýar. Onsoň, şol ýollamalaryň tanyşlyk esasynda paýlanýan halatlaram seýrek däl” diýip, Gözel gürrüň berýär.

"Adalatsyz bolýar"

Emma hemme edara-kärhanalarda beýle ýagdaý ýok. Döwranyň işleýän edarasynda hem arzan ýollamalar berilmeýär. Şol sebäpden öz çagalarynyň dynç alyş merkezlerinde dynç almagyny isleýän ene-atalar ýollamalary doly bahasyna satyn almaly ýa-da olaryň çagalary tomus kanikullaryny öýde geçirmeli.

Bu ýagdaý, elbetde, adamlary kanagatlandyrmaýar. Käbir ildeşlerimiz bolsa muňa adalatsyzlyk hökmünde hem garaýarlar. “Gurply maşgalalaryň çagalary şol dynç alyş merkezlerinde dynç alyp bilýärler. Emma pukara maşgalalaryň çagalary bular ýaly amatlyklardan peýdalanyp bilmeýärler. Bu adalatsyzlyk bolýar” diýip, Döwran aýdýar.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş kanikullarynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galdy. Olaryň dynç almak mümkinçilikleri baradaky meseleler hökümet maslahatlarynyň gün tertibinde hem birnäçe gezek gozgaldy. Ýurt baştutany duşenbe güni geçen hökümet maslahatynda degişli ýolbaşçylara bu ugurda edilmeli işler baradaky tabşyryklary berdi.

Ýöne bu maslahatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alyş merkezlerinde dynç almaga mümkinçilikleriniň näderejede elýeterlidigi baradaky meseläniň gozgalandygy habar berilmedi.

Emma mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryny hut şu mesele her tomus möwsüminde alada goýýar. Sebäbi çagalarynyň tomus kanikullarynda dynç almak mümkinçilikleri köplenç halatda ene-atalaryň jübüleriniň galyňlygyna bagly bolýar.

“Iň bolmanda çagalara gezek gelende şunuň ýaly adalatsyzlyk bolmasa gowy. Hemme çagalara deň şertlerde dynç almaga mümkinçilik döredilsedi” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy Döwran Azatltyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG