Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Putini tankyt edýärler


"Human Rights Watch" we "Amnesty International" guramalary, Moskwa, 24-nji aprel, 2013.
"Human Rights Watch" we "Amnesty International" guramalary, Moskwa, 24-nji aprel, 2013.
Günbataryň adam hukuklaryny goraýjy abraýly guramalarynyň ikisi Orsýetde raýat jemgyýetiniň we adamlaryň şahsy azatlyklarynyň pes derejededigini berk tankyt edýän hasabaty ýaýratdylar. Hasabatda Wladimir Putin 2012-nji ýylyň maý aýynda häkimiýet başyna dolanandan soň ýurtda ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň gaty ýaramazlaşandygy aýdylyar.

Amnesty International we Human Rights Watch guramalarynyň çarşenbe güni bilelikde ýaýradan hasabatynda Orsýetde adam hukuklaryna “basyşlaryň dowam etdirilýändigine” üns bermäge çagyrylýar..

Raýat azatlyklaryna basyş

Amnesty International gurmasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programmalarynyň müdiri Jon Dalhuisen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, bu hasabatyň Putiniň üçünji prezidentlik möhletiniň dowamynda ýurtda söz, bileleşikler gurmak we ýygnanyşmak azatlyklarynyň çäklendirilmegine tankydy garaýyşlary beýan etmek maksady bilen ýaýradylandygyny belledi.

Amnesty International gurmasynyň hasabatynda 2012-nji ýylda Orsýetde raýatlaryň ýygnanyşmak hukugyny berk çäklendirýän düzgünleriň girizilendigine üns berilýär. Hasabatda polisiýanyň demonstrantlara garşy eden-etdilikli güýç ulanýandygy aýdylýar we berk tankyt edilýär.

Orsýetde geçen ýylyň iýun aýynda kabul edilen kanun ýurtda demonstrasiýalary geçirmek üçin rugsat almak işini kynlaşdyrdy we resmi rugsatsyz geçirilýän protest çykyşlaryny guramak ýa-da olara gatnaşmak üçin göz öňünde tutulýan jerimeleriň möçberini çürt-kesik artdyrdy.

“Daşary ýurt agenti”

Human Rights Watch guramasy Orsýetde raýat jemgyýetçiligine howp salýan kanunlara we çärelere ünsi çekýär. Hasabatda daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalary “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmaga mejbur edýän täze düzgünlere üns berilýär.

Human Rights Watch guramasynyň Moskwadaky edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Tanýa Lokşina Orsýetde “daşary ýurt agenti” diýlen düşünjäniň ýaramaz manysynyň bardygyny, munuň “daşary ýurt içalysy” diýen düşünje hökmünde kabul edilýändigini belledi. Onuň pikirine görä, häkimiýetler, şeýdip, hökümete degişli bolmadyk guramalar barada jemgyýetde ýaramaz pikir döretmek isleýärler.

Resmi barlaglar

Şu ýylyň başyndan bäri Orsýetiň 50 regionynda hökümete degişli bolmadyk 200-den gowrak gurama kanuny goraýjylar we beýleki häkimiýet gulluklary tarapyndan barlaglara sezewar edildi.

“Golos” atly topar häkimiýetler tarapyndan iň köp barlanýan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň biridir. Bu gurama Orsýetde saýlawlaryň geçirilşine gözegçilik edip, 2011-nji ýylda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlarda we 2012-nji ýylda prezidentlik saýlawlarynda ençeme kanun bozmalaryň we galplyklaryň bolandygyny hasaba alypdy.

Tatýana Lokşina Wladimir Putiniň Kremle dolanyp gelmeginiň ilkinji ýylyň dowamynda raýat jemgyýetçiligine edilen basyşlaryň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini belledi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hasabatynda aýdylşynä görä, orsýet häkimiýetleriniň hökümete degişli bolmadyk guramalary barlamak boýunça geçirýän çäreleri Moskwanyň gol çeken halkara ylalaşyklaryna ters gelýär.
XS
SM
MD
LG