Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanda hatyra güni bellenilýär


Çarşenbe güni Ermenistan Birinji Jahan urşy ýyllarynda şol wagtky Osman imperiýasy tarapyndan öldürilen diýlip hasaplanylýan 1.5 million töweregi ermeni raýatynyň ölüminiň ýyl dönümini belläp geçýär.

Çarşenbe güni bu waka bilen baglanyşykly gurnaljak hatyra çäresine Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan we ermenileriň apostolik kelisesiniň ruhany lideri Karegin 2-nji hem gatnaşar diýlip garaşylýar.

Sişenbe güni agşam bu wakanyň ýyl dönüminiň hatyrasyna 5 müň töweregi adam Ýerewanyň köçelerinden ellerine fakel we şem göterip, ýöriş geçirdi.

1915-nji ýylda bolan bu gyrgynçylygy Ermenistanyň Osman imperiýasy tarapyndan “ermenilere garşy gurnalan genosid” diýip atlandyrýandygyna garamazdan, Türkiýäniň häkimiýetleri bu wakada ikitaraplaýyn çaknyşyklaryň bolandygyny öňe sürmek bilen, onuň bir millete garşy gurnalan bilkastlaýyn gyrgynçylyk bolmandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG