Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň sekretary höküm edildi


Sişenbe güni Nýu-Ýorkuň sudy “Al-Kaýdanyň” ozalky lideri Osama bin Ladeniň şahsy sekretary Wadih El-Hageni ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Asly liwanly amerikan raýaty Wadih El-Hage 2001-nji ýylda ýene üç adam bilen bilelikde tussag edilipdi.

Amerikan sudy Wadih El-Hageni 1998-nji ýylda ABŞ-nyň Keniýadaky we Tanzaniýadaky ilçihanalaryny partlamak bilen bagly wakalara dahyllylykda günäli tapdy. Şol gürrüňi edilýän partlamalarda jemi 224 adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.

Ozalbaşda Birleşen Ştatlaryň sudy oňa ömürlik türme tussaglygyny berip, 2008-nji ýylda bu hökümi ýatyrypdy we işiň gaýtadan seljerilmelidigi barada karar çykarypdy.

Sişenbe günki sud diňlenişiginde Nýu-Ýorkuň sudy Wadih El-Hageniň tussaglykdan boşan halatynda onuň ýene Birleşen Ştatlara garşy terror işleri bilen meşgullanmak howpunyň bardygyna salgylanmak bilen, ony ýene gaýtadan ömürlik türme tussaglygyna höküm etmek kararyna geldi.
XS
SM
MD
LG