Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: 6 adamy öldüren ele salyndy


Sişenbe güni giçlik Orsýetiň polisiýasy bu ýurduň Belgorod şäherinde alty adamy öldürmekde aýyplanylýan 31 ýaşly Sergeý Pomazuny tussag etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Sergeý Pomazun Belgorod şäheriniň bir dükanynda we onuň daşynda jemi alty adamy atyp öldürdi. Öldürilenleriň arasynda 14 we 16 ýaşly mekdep okuwçy gyzlary-da bar.

Orsýetiň polisiýa resmileri Sergeý Pomazunyň öz hüjüminde ýarag dükanyny talamaga synanyşandygyny öňe sürýärler.

Maglumata görä, ol sişenbe güni agşam tussag edilende, polisiýa işgärlerine garşylyk görkezip, bir polisiýa ofiserini pyçaklap, ýaralapdyr.
XS
SM
MD
LG