Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ilkinji at esbaplary dükany açyldy


"Bedew" dükanynyň harytlary

"Bedew" dükanynyň harytlary

Türkmen metbugaty Aşgabatda at esbaplaryny satýan ilkinji dükanyň açylandygyny habar berdi. Bu dükan Aşgabadyň “10 ýyl Abadançylyk” köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Mälim bolşy ýaly, sowet ýyllarynda, döwlet eýeçiligindäki zawod-fabriklerde öndürilýän önümleriň köpelmegi bilen, türkmen halkynyň gadymdan gelýän halk senetçilik medeniýeti, şol sanda at eýerlerini we beýleki esbaplaryny ýasaýan ussalaryň ähmiýeti belli bir derejede ünsden düşürildi.
"Bedew" dükanynyň ilkinji alyjylary

"Bedew" dükanynyň ilkinji alyjylary


Indi Türkmenistanda at saklamak we münmek medeniýeti, atçylyk sporty gaýtadan, has giň gerim bilen ösdürilmäge çalşylýar. Bu ýagdaý at esbaplaryny ýasaýan ussalaryň el işine, ussatlygyna we bilim-tejribesine uly zerurlyk döredýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda bellenýän ýyllyk Bedew baýramçylgynyň öňüsyrasynda açylan täze dükan we ýurtdaky at esbaplary problemasy barada aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG