Sepleriň elýeterliligi

Aktiwist Lebedewe höküm çykaryldy


Penşenbe güni Moskwanyň şäher sudy orsýetli belli graždan aktiwisti Konstantin Lebedewi geçen ýylky köpçülikleýin bulagaýçylyklarda aýyplap, ony 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şu hepdäniň duşenbe güni geçirilen başky sud diňlenişiginde Konstantin Lebedew öz günäsini boýun alýandygyny aýdyp, suddan ötünç sorap çykyş etdi.

2012-nji ýylyň maýynda Moskwanyň “Bolotnaýa” meýdançasynda gurnalan bulagaýçylykly demonstrasiýany gurnamakda Sergeý Lebedew bilen birlikde oppozision çepçi frontuň koordinatory Sergeý Udalsowa, orsýetli aktiwist Leonid Razwozžaýewe we gürjüstanly syýasatçy Giwi Targamadzä-de jenaýat aýyplamalary bildirilýär.

Geçen ýylyň oktýabrynda Orsýetiň telewideniýesi Moskwadaky şol bulagaýçylyklary gurnamak planlary barada Giwi Targamadzäniň Sergeý Udalsow bilen maslahat geçirýändigini görkezýän gizlin wideo ýazgylary efire beripdi.
XS
SM
MD
LG