Sepleriň elýeterliligi

Nikoliç Bosniýadan ötünç sorady


Penşenbe güni Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç Srebrenisa gyrgynçylygynda öz ýurdunyň oýnan roly üçin resmi ötünç sorap çykyş etdi.

Bosniýanyň telewideniýesi üçin taýýarlanan bu beýanatynda prezident Nikoliç “Men dyzyma çökýärin we Srebrenisada bolan jenaýatçylyk üçin Serbiýanyň günäsiniň geçirilmegini haýyş edýärin” diýip ýüzlenipdir.

Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, ol bu işde genosidiň bolandygynyň ýa bolmandygynyň heniz subut edilmelidigini belläpdir.

1995-nji ýylda Bosniýanyň Srebrenisa obasynda serb harbylary bosnýaly 8 müň töweregi erkek kişini, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik oglanlary-da atyp öldüripdiler.

Şu hepde, 23-nji aprelde Serbiýanyň paýtagty Belgradda prezident Tomislaw Nikoliç bilen duşuşygynda bosniýaly musulmanlaryň ruhany lideri Bakir Ijetbegowiç serb prezidentini Srebrenisa bilen bagly wakalara “dogruçyl garamaklyga” çagyrdy.
XS
SM
MD
LG