Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we ermeni liderleri gürleşdiler


Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.

Ermeni tarapynyň inisiatiwasy boýunça geçirilen bu telefon gürrüňdeşliginde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Ermenistanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Bu mümkinçilikden peýdalanyp, prezident Serž Sarkisýan Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýurduň halkyny Türkmenistanyň milli Bedew baýramy bilen-de gutlady.

Bu telefon gürrüňdeşliginde türkmen prezidenti Ermenistanyň prezidentini özüne amatly wagty Türkmenistana sapar etmeklige-de çagyrdy. Bu çakylygyň kabul edilendigi we onuň anyk möhleti barada diplomatik ýollar arkaly ylalaşyga gelinjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG