Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý sudda şaýatdan sorag edýär


A.Nawalnyý (sagdan 3-nji) sud diňlenişiginde. Kirow, 25-nji aprel, 2013 ý.

A.Nawalnyý (sagdan 3-nji) sud diňlenişiginde. Kirow, 25-nji aprel, 2013 ý.

Korrupsiýa garşy göreşýän blogçy Alekseý Nawalnyý we onuň aklawçylary sud seljerişliginde esasy hökümet şaýadynyň beren görkezmesine şübhe bildirdiler.

Bu görkezme Nawalnynyň Kirow şäherinde geçirilýän sud seljerişliginiň üçünji gününde berildi we onda Nawalnynyň 510 müň dollar çemesi pula durýan agaç önümlerini ogurlamaga kömek edendigi öňe sürülýär.

Eger-de bu iş boýunça günäli tapylsa, Nawalnä 10 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Nawalnyý we onuň aklawçylary ýitgi çeken diýilýän "Kirowles" kompaniýasynyň öňki baş direktory Wýaçeslaw Opalewe garşylykly soraglary berdiler.
Oppozisiýa lideri we blogçy A.Nawalnyý sud diňlenişiginde.

Oppozisiýa lideri we blogçy A.Nawalnyý sud diňlenişiginde.


Opalew berlen soraglara gaýta-gaýta ýadyna düşmeýändigini aýdyp, suddan öň beren deslapky görkezmesine salgylanyp, goranyp jogap berdi. Emma ol bir meselede özüne ynamly göründi:

"Onuň [Nawalnynyň] diňe bir islegi - kärhanany batyrmak niýeti bardy. Şu meniň ýadymda" diýip, ol aýtdy.

Görkezmedäki gapma-garşylyklar

Prokurorlar sudda Opalewiň beren ýazmaça görkezmesini doly okap berdiler we onuň käbir böleklerini üç gezek gaýtalap okadylar.

Opalew özüniň Nawalnyý tarapyndan geleşige girmäge mejbur edilendigini aýdyp görkezme berdi, emma ol özüniň ýazmaça görkezmesinde diýilýän galplygy amala aşyrmak üçin Nawalnyý bilen dil düwşendigini aýdýar.

Opalew penşenbe güni suda öz görkezmesindäki gapma-garşylyklara argynlygyň we tolgunmanyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Nawalnynyň aklawçysy Opalewe "Kirowles" kompaniýasynyň biznes operasiýalary we şertnamalary barada jikme-jik soraglary berdi. Nawalnyý sudda Opalewiň ýazmaça görkezmesiniň prokurorlar tarapyndan aýdylyp ýazdyrylandygyny aýtdy.

Opalew dekabr aýynda, Nawalnyý bilen bikanun pul gazanmak barada dil düwşendigini boýun alanyndan soň, şertli dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Nawalnyý iş syýasy äheňli diýýär

Sudýa Sergeý Blinow çarşenbe güni aklawçylaryň özüniň bitaraplygy saklamaýandygy barada aýdanlaryny ret etdi we bu işi, prosedura düzgünleriniň bozulandygy üçin, derňewçilere gaýtarjakdygyny, sud diňlenişigini bolsa, aklawçylaryň iş materiallarynyň köp tomluk ýazgylaryny okamaga wagtlarynyň bolmagy üçin, yza süýşürjegini aýtdy.

Nawalnyý prezident Wladimir Putiniň belli tankytçysy we özüniň prezidentlik üçin bäsleşige çykjagyny aýdan adam. Ol, eger häkimiýet başyna gelse, Putine we Orsýetiň dolandyryjy elitasynyň beýleki agzalaryna garşy korrupsiýa işlerini gozgamaga başlajagyny aýtdy.

Nawalnyý özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň syýasy äheňlidigini hem-de oppozision işleriniň öňüni almak üçin ýörite galplaşdyrlandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG