Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada işsizlik has artdy


Ýewropa Bileleşiginde işsizligiň iň bir ýokary ýurtlaryndan biri hasaplanylýan Ispaniýada işsizlik ýylyň birinji kwartalynda rekord derejä ýetdi.

Penşenbe güni Ispaniýanyň milli statistika instituty şu ýylyň başky üç aýynyň dowamynda ýurtdaky işsizleriň sanynyň 6 milliondan-da geçendigini mälim etdi. Munuň özi işe ýaramly ilatyň 27.16 prosentidigini aňladýar. Geçen ýylyň ahyrynda bu görkeziji 26 prosent bolupdy.

Şu çaka çenli ýewro zona girýän ýurtlaryň arasynda ykdysady görkezijileri boýunça dördünji ýurt hasaplanyp gelnen Ispaniýa 2008-nji ýylyň maliýe krizisinden bäri uly ykdysady we býujet krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 2007-nji ýylda ýurtdaky işsizligiň derejesi 8 prosentden hem pesdi.
XS
SM
MD
LG