Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duma korrupsiýa garşy kanuny oňlady


Çarşenbe güni giçlik Orsýetiň Döwlet Dumasy ýurduň hökümet resmilerine daşary ýurtlarda bank hasaplaryny saklamaklygy gadagan edýän täze kanunyň taslamasyny oňlap ses berdi.

Üçünji okaýyşlykda kabul edilen bu kanunyň taslamasy merkezi hökümetiň wezipelerinde işleýän resmilere, Merkezi Bankyň geňeşiniň agzalaryna, regionlaryň döwlet we hökümet çinowniklerine, şeýle hem döwlet kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna daşary ýurt banklarynda bank hasaplaryny saklamaklygy ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň aksiýalaryna eýelik etmekligi gadagan edýär.

Bu täze kanun çinownikleriň daşary ýurtlardan jaý we emläk satyn almaklaryny gadagan etmeýär. Emma kanun şolar ýaly emlägi bolan resmileriň bu barada öz hasabatlarynda maglumat bermeklerini hem-de onuň nähili serişdä satyn alnandygyny düşündirmekligi talap edýär.

Korrupsiýa garşy gönükdirilen Orsýetiň bu täze kanunyň taslamasyna indi Federasiýa Geňeşinde garalmaly we onuň tassyklan halatynda, ol prezident Putin tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG