Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda jaý üpjünçiligi haçan gowulanar?


Aşgabadyň köne we täze jaýlary

Aşgabadyň köne we täze jaýlary

Türkmenistanda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze, ýokary amatlykly jaýlar gurulýar, täze şäherçeleriň düýbi tutulýar. Şol bir wagtda ýurduň jaý bazarynda bahalaryň barha gymmatlaýandygy habar berilýär.

Soňky ýyllarda Aşgabatda we häzir täze düýbi tutulýan oba-şäherçelerde gurulýan jaýlaryň ýönekeý raýatlar üçin örän gymmatdygy, ýogsa jaý gurmak üçin ýeriňem gurluşyk materiallarynyň hem ýeterlikdigi aýdylýar.

Synçylaryň käbiri bu meseläniň çözgüdini adamlara jaý gurmak üçin ýer, mellek bermegi ýeňilleşdirmekde, çäklendirmeleri azaltmakda, erkinligi artdyrmakda görýär.

Azatlyk Radiosynyň bu temadan geçiren “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar, hukukçy žurnalist A.Baýryýew, publisist ýazyjy A.Bugaýew, raýat aktiwisti N.Nurmämmedow gatnaşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG