Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aman Ärsary: "Türkmenistan Türkmenlerine eýe çykmaly"


Aman Ärsary
Aman Ärsary
Mälim bolşy ýaly ata-babalarymyzdan miras galan däpleriniň biri hem göreş. Dünýä Türkmenleriniň arasynda häzirki döwürde göreşiň dürli görnüşleri tutulýar.

"Eýsem, Dünýä Türkmenleriniň ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän göreş däbi bilen nähili gyzyklanýarka?“ diýen sowaldan ýola çykan Azatlyk Radiosy, asly Owganystan Türkmenlerinden bolup, häzirki döwürde Stambulda ýaşap ýören ýaş Türkmen pälwany hem işewüri Aman Ärsary bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Aman Ärsasry, Stambulda ýaşaýan Türkmenleriň ýaş pälwanlaryndan. Aman sizde pälwanlyk höwesi haçan döredi we nirede öwrendiňiz? Haçandan bäri göreş tutýarsyňyz?

Aman Ärsary: Pälwanlygy atam dagydan öwrendim. Atam dagy göreşe gidende meni hem ýany bilen alyp gidýärdi. Şol ýerde tutylýan göreşlere seredip öwrendim. Biziň aslymyz Owganystan Türkmenlerinden.

Biz Türkiýä biraz giç gelen Türkmenlerden. Owganystanda ýaşan ýerimizde her juma-anna güni göreş bolýardy. Kiçiler bilen bize göreş tutdyrýardylar. Ulylar bilen bolsa atam dagy tutýardy. Atamyn özi hem pälwan.

2006-njy ýylda biz Owganystanyň Baglan etrabynyň Çeşmişir diýen ýerinden Türkiýäniň Stambul şäherine göçüp geldik. Atam häzir Pakistanda haly işi bilen meşgullanýar. Biz bolsa bärde Stambulda işleri alyp barýarys.

Aman Ärsary
Aman Ärsary
Azatlyk Radiosy: Aman, Owganystandakaň her juma-anna güni göreş tutýardyk diýdiň. Şol adat häzir Stambulda hem dowam edýärmi? Öz pälwanlygyň hem Stambulda nähili dowam edýär?

Aman Ärsary: Stambulda göreşler dowamly bolanok. Diňe baýramçylyklarda adamlar märeke bolup jemlenen mahaly göreş tutulýar. Bärde uly şäherde her kimiň işi bar, aladasy bar.

Şol sebäpden ýygnanyşmaga hem mümkinçilik bolanok. Kä wagt bazar günleri adamlar jemlenişip, kiçi-girim göreşler edäýmese, esasy göreşler baýramdan-baýrama bolýar.

Azatlyk Radiosy: Internetde sosýal ulgam sahypaňda bir göreş wideoň bar. Şol göreşi nirede we haçan tutdyň? Şonuň barada hem maglumat beräýseň?

Aman Ärsary: Ol göreş soňky gurban baýramynda bolupdy. Stambulda Mermer deňziniň kenarynda, Ýediküle diýlen ýerde “Türkmenistan” parky bar. Biz hemme Türkmenler bolup şol ýerde üýşüp, palaw bişirip getirip, göreş tutduk. Şonda ýykylanlar hem boldy.

Wideo: Aman Ärsary pälwan göreş tutýar
Aman Ärsary pälwan göreş tutýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00
Azatlyk Radiosy: Internetde goýan şol tutan göreşiňe özüň nähili baha berýäň?

Aman Ärsary: Şol göreşiň wideosyny meniň dostlarym internede goýupdyr. Şonda göreşi gowy tutupdym. Derrew garşydaşymy hem ýykypdym. Ýöne has gowy we gyzykly göreş şol güniň ertiri bolupdy. Ýöne şonda men elimiň üstüne ýykamsoň elim çykypdy.

Azatlyk Radiosy: Aman, sen gürrüňimiziň arasynda Stambula gelen soňky nesillerden diýipdiň. Sen häzirki wagt näçe ýäşyňda?

Aman Ärsary: Men şu wagt 23 ýaşymda.

Azatlyk Radiosy: Stambuldaky Türkmenleriň ýaş nesli Türkmen göreşine nähili üns berýär?

Aman Ärsary: Bu ýerdäki oglanlar aslynda göreşe höwesli. Ýöne tutmana çekinýärler. Kän gowy öwrenmändigi üçin göreş tutmana gorkýarlar. Şonuň üçinem göreşmekden gaça durýarlar.

Ýöne Stambuldaky Türkmen ýaşlaryň arasynda ata-babadan pälwan bolup gelýänler hem bar. Olaryň hem kän wagty bolnamsoň kän göreş tutup bilenok.

Aman Stambuldaky "Ärsary" dükanynyň öňünde
Aman Stambuldaky "Ärsary" dükanynyň öňünde
Azatlyk Radiosy: Stambuldaky Owganystan Türkmenleri göreşi guşaksyz tutýar. Türkmenistanda bolsa göreş guşakly tutulýar. Sen Owganystanda hem göreş tutýardym diýdiň. Ol ýerde göreşler nähili tutulýardy, guşaklymy ýa uşaksyzmy?

Aman Ärsary: Owganystandaky Türkmenler guşakly ýaly guşaksyz her hili göreşi tutýar. Türkmenistanda göreşiň nähili tutulýandygy kän bilemok. Owganystanda her juma güni üýşülende göreşden başga it hem uruşdyrylýardy. Ýöne has köp göreş tutulýardy.

Azatlyk Radiosy: Siz guşaklymy ýa-da guşaksyz göreş tutýarsyňyz?

Aman Ärsary: Meniň üçin tapawudy ýok. Men ikisinem tutýaryn. Emma guşakly göreşi has känräk tutýaryn.

Azatlyk Radiosy: Stambuldaky pälwan Aman Ärsary, göreşden başga durmuşda näme bilen gyzyklanýar we meşgullanýar?

Aman Ärsary: Biziň Stambuldaky Türkmenlerimiziň ýüzden togsan bölegi haly söwdasy bilen meşgullanýar. Atam dagy hem halyçy bolşy ýaly men hem halyçy we dükanym Stambuldaky Kapaly çarşy diýen gadymy uly üsti ýapyk bazarda.

Şeýle-de Stambulda Soltanahmet diýen ýerde biziň daýylarymyzyň bir myhmanhanasy bar. Şol myhmanhananyň işlerine hem kömekleşýärin. Ýöne has köp wagtym şol gadymy bazardaky haly dükanymda geçýär.

Azatlyk Radiosy: Şol myhmanhanaňyzyň ady näme we nirede ýerleşýär?

Stambuldaky "Ärsary" myhmanhanasy
Stambuldaky "Ärsary" myhmanhanasy
Aman Ärasary: Daýymlaryň myhmanhanasynyň ady “Ärsary hotel”. Myhmanhana Stambulda Soltanahmede ýakyn Çemberlidaş diýen ýerde ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly myhmanlaryňyz bolýarmy ýa-da başga ýurtlarda ýaşaýan Türkmenler myhmanhanaňyza gelip, dynç alýarmy?

Aman Ärasary: Türkmenistandan kän gelenok. Ýöne, Ýewropa, Amerika ýaly daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenler myhmanhananyň "Ärsary“ diýen adyny eşidip, has uly gyzyklanma bildirip gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Pälwan Aman Ärsarynyň geljekde göreş barada we umuman durmuş barada nähili planlary bar?

Aman Ärsary: Geljekde öz işimiň eýesi bolmak isleýärin. Şu töwereklerde öz dükanymyň bolmagyny arzuw edýärin. Halyçylyp biziň ata-babalarymyzdan gelýän kesp, hünär, iş bolansoň, has uly dükan açyp şu iş bilen meşgullanmak isleýärin.

Şeýdip halyçylygy dowam etdiresim gelýar. Mundan başga-da hemişe Türkmenleriň bir ýere jemlenmegini, bir ýerde birleşmegini arzuw edýärin. Göwnümiň islegi şeýle: Türkmenistan Türkmenlere eýe çykmaly. Bir gün hemme Türkmen Türkmenistana göçmeli.

Aslymyz o taýdan gelýär. Taryhda hemmeler şol ýerden dargapdyrlar. Häzir dünýäniň köp ýerinde Türkmenler bar. Türkmenistanda bolsa diňe 3-4 milliýon Türkmen galypdyr. Bu ilat sany gaty az.

Şonuň üçin Türkmenistan dünýä Türkmenlerine eýe çykmaly. Türkmenistanyň Dünýä Türkmenleri bilen ullakan ýurt bolmagy gerek. Bu meniň pikirim. Enşalla, munuň üçin gerek zatlary ederis.​
XS
SM
MD
LG