Sepleriň elýeterliligi

Blumberg: Bostondan soňky nyşana Nýu-Ýorkdy


Nýu-Ýork şäheriniň häkimi M.Blumberg metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 25-nji aprel, 2013 ý.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi M.Blumberg metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 25-nji aprel, 2013 ý.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg Boston marafonyndaky partlamalarda güman edilýänleriň özlerinde galan partlaýjylary Taým skwerinde ýarmagy niýet edinendiklerini aýdýar.

Blumberg penşenbe güni çykyp gürläp, Federal derňew býurosynyň özüne bu plan barada çarşenbe güni agşam habar berendigini aýtdy:

“Öten agşam biz FDB tarapyndan habardar edildik, aman galan hüjümçi öz sanawlaryndaky nyşanalaryň indikisiniň Nýu-Ýork şäheridigini bildiripdir. Ol FDB-ä, görnüşinden, özüniň we doganynyň maşynlaryny Nýu-Ýorka sürüp, goşmaça partlaýjylaryny Taým skwerinde ýarmagy niýet edendiklerini gürrüň beripdir. Olar şol goşmaça partalýjylary ýasapdyrlar we biz olaryň şeýle hüjümleri amala aşyrmak mümkinçiliginiň bolandygyny bilýäris.”
Taým skweri, Nýu-Ýork, 25-nji aprel, 2013 ý.

Taým skweri, Nýu-Ýork, 25-nji aprel, 2013 ý.


Blumberg aman galan Johar Sarnaýew, hassahana düşeginde ýatan ýerinden, bostonly derňewçilere özüniň we dogany Tamerlanyň birden Taým skwerini nyşana almak kararyna gelendiklerini aýdypdyr diýdi.

Blumberg bu zatlary Nýu-Ýork polisiýasynyň komissary Reýmond Kelli bilen ýanaşyk çykyş eden metbugat ýygnagynda aýtdy.

Kelli Boston partlamalarynda güman edilýän iki adamyň ullakan zaýaçylyga sebäp bolup biljek partlaýjy enjamlarynyň bolandygyny hem sözüne goşdy:

“Iki doganyň ýanynda alty sany öýde ýasalan partlaýjy enjam bar eken. Olaryň biri marafonda ýarylan buglaýjy piti bombalaryna çalymdaş. Beýleki bäşisi turba bombalary.”

Sarnaýewler Nýu-Ýorka gelen bolsa...

Blumberg “Nýu-Ýork kanun goraýjylary Bostondaky ýaly hüjümiň amala aşyrylmagynyň öňüni alyp bilermidi?” diýlen soraga beýle zerurlygyň bolmandygyna begenýändigini aýdyp jogap berdi.

“Eger olar Bostondan şu ýere gelen bolsa, biziň ol terrorçylary duruzmagy başaryp-başarmajagymyzy bilemok. Biziň bu soraga jogap tapmaly bolmanymyz bir gowy zat. Wotertown, Massaçusets polisiýa departamentiniň, Boston polisiýa departamentiniň we FDB-nyň, Içeri howpsuzlyk departamentiniň we beýleki kanun goraýjy gulluklaryň adatdan daşary işi netijesinde, ol terrorçylar indiki hüjümlerini amala aşyrmazdan öň togtadyldy” diýip, Blumberg aýtdy.

ABŞ-nyň derňewçileriniň berýän maglumatyna görä, ýaş Sarnaýew geçen ýyl Nýu-Ýorka, şol sanda Taým skwerine azyndan bir gezek sapar edipdir.

Sarnaýewiň uly dogany Massaçusetsde polisiýa bilen atyşykda öldi. 15-nji aprelde bolan Boston partlamalarynda üç adam ölüp, 260 çemesi adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG