Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlyk: Orsýetli jemgyýetçilik guramasy prezidentlere ýüzlendi


Türkmenistanyň täze we köne pasportlary
Türkmenistanyň täze we köne pasportlary
Orsýetiň “Mužestwo i gumanizm” atly jemgyýetçilik guramasy Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň adyna açyk hat bilen ýüzlendi. Gurama Wladimir Putini we Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň ikisiniň-de raýatlary bolan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny aradan aýyrmak üçin takyk çäre görmäge çagyrýar.

10-njy iýunda Türkmenistan şu çaka çenli dolanyşykda bolan pasportlary ýatyrýar. Goşa raýatlyga eýe bolan adamlar bolsa özlerine täze pasportlaryň berilmeýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adamlar, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň olara diňe bir ýurduň raýatlygyny saýlasalar, şonda täze türkmen pasportynyň beriljegini aýdýandygyny gürrüň berdiler. Şol bir wagtda-da ýuristler kanunlaryň tersin güýjüniň ýokdugyny we munuň halkara kadalaryna laýyk gelmeýändigini belleýärler.

Azatlyk Radiosy Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň adyna açyk hat bilen ýüzlenen “Mužestwo i gumanizm” atly jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Guramaňyzyň Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň adyna açyk hat bilen ýüzlenmeginiň maksady näme?

Wladislaw Nemçinow: Birinjiden, bizi prezidentlere ýüzlenmäge mejbur eden zat, Türkmenistanda köne pasportlaryň dolanyşykdan aýrylmagyna çenli wagtyň azalmagy. Bu bolsa täze pasport alyp bilmedik adamlaryň ýurtdan çykmak mümkinçilikleriniň çäklendiriljegini aňladýar. Olaryň ykbalynyň mundan beýläk nähili boljagy barada henizem aýdyňlyk ýok. Bize köp adam alada bilen ýüzlenýär. Emma biz olara hiç kili kömek berip bilemzok. Şonuň üçin, biz döwlet baştutanlaryna ýüzlenip, olardan ýagdaýy anyklaşdyrmak we takyk maglumat bermek barada soramagy makul gördük.

Azatlyk Radiosy: Soňky aýyň dowamynda goşa raýatlyk meselesine döwlet derejesinde üns güýçlendi. Habar berlişine göra, bu mesele Putin bilen Berdimuhamedow arasynda telefon gepleşiginde gozgaldy, Orsýetiň daşary işler ministri Lawrowyň ýakynda Aşgabada eden saparynyň dowamynda-da maslahat edildi. Geçen hepdede Türkmenistanyň prezidenti goşa raýatlyk problemasy barada ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş etdi. Ol, hususan-da, täze türkmen pasportynyň ýurduň hemme graždanlaryna beriljegine güwä geçdi. Iş ýüzünde ýagdaý özgerdimi?

Wladislaw Nemçinow: G.Berdimuhamedowyň eden beýannamasyndan soň üýtgeşiklik göze ilmedi. Bu çykyşdan soň biz bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar, resmi beýannama garamazdan, türkmen häkimiýetleri tarapyndan takyk hereketiň edilmändigini aýtdylar. Olar ýagdaýyň henizem aýdyň bolman galýandygyny belleýärler.

Biz häkimiýetlerden bu meselä düýpli çemeleşilmegine garaşýarys. Orsýetiň daşary işer ministri Lawrow Türkmenistana eden saparynyň dowamynda türkmen tarapynyň ähli problemalara garajagyna we her bir raýatyň meselelerine aýratyn garajagyna ynam bildiripdi. Orsýet bu meseläniň çözgüdiniň raýatlaryň bähbitlerine ters gelmejegine umyt bildirmek bilen öňdy.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün goşa raýatlyga eýe bolan adamlary nähili meseleler alada goýýar?

Wladislaw Nemçinow: Türkmenistanda ýaşaýan orsýet pasporty bolan adamlar 10-njy iýundan soň bu pasporty bilen ýurtdan çykyp bilmejekdiklerine aladalanýarlar. Olar özlerine täze türkmen pasportynyň berilmeýändigini, netijede köne pasportlaryň dolanyşykdan aýrylansoň, özleriniň pasportsyz galjagyny aýdýarlar. Olar ”nädip pasport almaly, ýurtdan nädip çykmaly we Orsýete nädip gitmeli?” diýen soraglary orta atýarlar. Bu ugurda ”Orsýetde ýaşaýan goşa raýatlygy bolan adamlar nätmeli?” diýen sowal hem köpleri gyzyklandyrýar. Muňa-da entek jogap ýok. Orsýetde ýaşaýan ors pasporty bolan türkmenleriň Türkmenistana barmak uçin wiza almakda ozalam kynçylyk çekýän wagty az däl.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň pasportlarynyň eýeleri ýüzbe-ýüz bolýan problemalary bilen nirä ýüz tutmaly?

Wladislaw Nemçinow: Şeýle edaralaryň ençemesi bar. Birinjiden, migrasion gulluklara we ýurtlaryň Daşary işler ministrliklerine degişli edaralara, ýagny ilçihanalara we konsulhanalara ýüz tutup bolýar. Emma bu ýerde başga bir mesele bar. Bu edaralarda adamlaryň problemalaryna degerli derejede garalmazlygy problema bolup galýar.

Azatlyk Radiosy: Siz öz beýannamaňyzda Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda goşa raýatlyk problemasyny çözmek meselesine raýat jemgyýetçiliginiň gatnaşdyrylmaýandygyny belleýärsiňiz. Bu problemanyň çözgüdi ugrunda raýat jemgyýetçiligi nähili rol oýnap biler?

Wladislaw Nemçinow: Şu günki gün dünýäde islendik çylşyrymly mesele raýat jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda maslahat edilýär. Emma goşa raýatlyk meselesine gezek gelende, Orsýetde we Türkmenistanda bu tema diňe häkimiýet edaralarynyň kabinetlerinde maslahat edilýäne meňzeýär. Daşary işler ministrlikleri öz arasynda geçirýän konsultasiýalaryna jemgyýetçilik institutlaryny gatnaşdyryp bilerdiler ýa-da olar [bu ugurdan] jemgyýetçilik guramalary bilen diskussiýa geçirip bilerdiler.
XS
SM
MD
LG