Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky ýangynda 38 adam öldi


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi anna güni irden Moskwanyň etegindäki ruhy näsaglaryň keselhanasynda ýüz beren ýangynda 38 adamyň ölendigini aýdýar. Bu ölenlerden ikisiniň bu keselhananyň medisina işgärleridigi aýdylýar.

Bu bolan waka barada Moskwa oblastynyň gubernatorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Andreý Worobýow anna güni bu barada şeýle diýdi: “Bu wakada diňe näsaglardan ikisine ýanýan binadan çykmaklyk başardypdyr. Sebäbi ýangyn örän güýçli bolupdyr we signalizasiýanyň işländigine-de garamazdan, diňe iki adama binadan çykmaklyk başardypdyr”.

Maglumata görä, Moskwanyň etegindäki Ramenskiý şäherçesinde ýerleşýän bu ruhy keselhanadaky ýangyn anna güni daňdanlar ýüze çykypdyr. Ýangynyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG