Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan ABŞ-nyň raýatyny sud etmekçi


Şenbe güni Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar agentligi bu ýurduň hökümetini agdarmak synanyşygynda aýyplanylýan amerikan raýatynyň sud ediljekdigini habar berdi.

Demirgazyk Koreýanyň habar agentligi geçen ýyl tussag edilen amerikan raýaty Kennet Baeniň işi boýunça “ýakyn wagtlarda” sud prosesiniň başlanjakdygyny aýdýar, emma bu barada anyk maglumat bermeýär.

Türist operatory bolup işlýän asly koreýaly Kennet Bae geçen ýylyň noýabrynda ýörite türist topary bilen Demirgazyk Koreýanyň Rason ykdysady zonasyna sapara baranda, tussag astyna alnypdy.

Bu gürrüňi edilýän ykdysady zona Demirgazyk Koreýanyň Orsýet bilen bilelikde özleşdirýän zonasy hasaplanylýar.

Ýurduň döwlet habar agentligi Kennet Baeniň Demirgazyk Koreýanyň hökümetini agdarmak planlaryny boýun alandygyny öňe sürýär. Bu bildirilýän jenaýat aýyplamasy boýunça günäli tapylan halatynda, oňa ölüm jezasynyň berilmeginiň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG