Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Bedewe bagyşlanan sergi açyldy


Anna güni Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmen Bedewiniň baýramy mynasybetli ilkinji gezek halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu halkara sergi-ýarmarkasyna dünýäniň 24 ýurdundan 130-dan gowrak kompaniýa gatnaşýar.

Sergi-ýarmarkasynda at çapuwy, ata ideg etmek üçin zerur esbaplar we atçylyk bilen bagly dürli sungat eserleri-de ýerleşdirilipdir.

Bu serginiň açylan güni Aşgabatda “Türkmen Bedewi we dünýä atçylyk sungaty” ady bilen halkara ylmy konferensiýasy-da öz işine başlady.

Konferensiýada dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen delegatlaryň we atçylyk boýunça spesialistleriň käbir beýleki meseleler bilen birlikde ahal-teke atlarynyň tohumynyň arassalygyny barlamakda täze tehnologiýalardan peýdalanmak meselesi barada-da maslahat etjekdikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG