Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ýöne Esenow däl


Ýazyjynyň karikaturasy
Ýazyjynyň karikaturasy
Döredijilik işgärleriniň durmuşy, adatça, dürli hili täsin we geň-taň wakalara baý bolýar. Käte olaryň durmuşyndaky adaty bir zat bolup görünýän wakalar wagtyň geçmegi bilen degişme-ýomaklara öwrülip gidýär.

Ýazarys ýoldaş Babaýew

1955-nji ýylda Moskwada Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň on günligi geçirilýär. On günlüge taýýarlyk görülýän günlerde şol döwürde Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekratary bolup işleýän Suhan Babaýew ýazyjylar Berdi Kerbabaýewi, Gara Seýitliýewi, Gurbandurdy Gurbansähedowy, SSSR-iň halk artisti Aman Gulmämmedowy... iş kabinetine ýygnap taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanýar. Deslap:

- Kerbabaýew, nähili taýýarlyk görýäň? Näme ýazýaň? – diýip, Berdi aga sowal berýär.

Berdi Kerbaba:

- “Aýgytly ädim” romanymyň üçünji kitabyny ýazýan – diýipdir.

Şeýle sowal Gara Seýitlä-de berilýär. Ol:

- Rus-türkmen doganlygyna bagyşlanan goşgulary ýazýan, ýoldaş Babaýew – diýip jogap berýär.

Nobat Aman aga ýetýär. Suhan Babaýew ondanam:

- Sen näme ýazýaň, Gulmämmedow? – diýip soraýar.

Aman aga sypaýçylyk bilen:

- Men ýazamok, men oýnaýan, ýoldaş Babaýew – diýipdir.

Gazaba münen Suhan Babaýew stoly ýumruklap ýerinden turýar. Soňra-da:

- Beýlekileriň ýazýan wagty sen nämüçin oýnaýaň? Respublika opder (orden diýdigi, Türkmenistan SSR-I şol ýyl Lenin ordeni bilen sylaglandy) beriljek bolup dur. Bu oýnaýarmyşyn. Oýnamaly däl, ýazmaly. Hany, ýazmany bir gör, men seni şeýle bir oýnadaryn – diýip, stol ýumruklapdyr.

Şol pursat düşündirişine gulak asylmajagyna gözi ýeten Aman aga artistlik roluna girip, elini gulaçlap gerip:

- Ýazarys, ýoldaş Babaýew, hökman ýazarys – diýipdir.

… Ýöne Esenow däl

Beki aga Seýtäkowyň sözünden hasap ýöredip, oňa takwa dindar-da, kommunistik ideologiýa ýürekden berlen kommunist-de diýip bolanokdy. Adamlary gülüşdirmegiň hatyrasyna biri-birini inkär edýän bu iki ynamy “şaýat” tutunyp, delil bagy edinýärdi:

- Inim, ýokarda Hudaý bar, penjegimiň çep goltuk jübüsinde, ýüregimiň üstünde kommunistik partiýa agzalygyma güwä biletim dur, şu ikisiniň haky üçin aýdýanyma ynan! – diýerdi.

Ol ömrüniň soňky ýyllarynda adamlaryň käbirine bolan öýke – kinesini il-güne äşgär etmek üçinem dini “hemaýatkär” edindi. Oňa sebäp bolan zat bardy.

1974-nji ýylda Beki aganyň 60 ýaşy dolýardy. Şol senä 3-4 aý galanda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň şol wagtky birinji sekretary Muhammetnazar Gapurow Beki aga “Ýaşuly, altmyş ýaşyňda Size Sosilistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyn dakylmagyny başarmaryn, ýöne Moskwa bilen gepleşip, Lenin ordeni bilen sylaglarys” diýip wada beripdir.

Beki aga Birinji sekretaryň bu hoş habaryny dost-ýarlaryna gürrüň beripdi. Ýöne Beki aganyň 60 ýaş dabarasy ýurduň Ýazyjylar birleşiginde geçirlende dabara gatnaşýan Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň wekili (ol MK-da iň kiçi wezipede işleýän instruktordy) türkmen edebiýatynyň ösüşine goşan goşandy hem-de çeperçilik ussatlygy üçin Beki aganyň Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň prezidumynyň “Hormat haty” bilen sylaglanýandygyny habar berdi.

Ýüzüne şarpyk çalynana dönen halypa “sylagy” almakdan ýüz öwürdi. Şatlyk bilen başlanan dabara öýke bilen tamamlandy.

Dabaradan öýkeläp çykyp çaýdan Beki aga bolup geçen ýagdaýyň ters yzyny çalyp, yzarlap görende Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Rahym Esenowyň Kompartiýanyň ideologiýa boýunça sekretary Maýa Mollaýewa bilen dil düwüşip, Gapurowy pikirinden dändirendirini anyklady.

Beki aga gam-gussany, ýagny öz-özüni ýeňmegi başarýan adamdy. Ol bu kemsitmeden az salym geçenden soňra özüni ele aldy. Duz-tagam iýlenden soňra:

- Bisimilla, Rahman Rahym, ýöne Esenow däl, Allahy Akbar! – diýip, “töwür” galdyrardy. Ol şeýdip, Allanyň 99 adynyň biri dakylan Rahym Esenowy
ähli babatda inkär edýändigini ulus-ile äşgär ederdi.

Kitap diýýäniň rastmy?

Edebiýat tankytçysy Abdylla Myradow dilewar adamdy. Ol çyna berimsiz ýalan sözläp, ýalan zady hakykata öwrüp bilýärdi. XX asyryn 60-njy ýyllarynda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigi meşhur özbek ýazyjysy Gapur Gulamyň ýaş toýunyň dabarasynayna gatnaşmak üçin Abdylla Myrady Daşkende ýörite sapara ýollaýar.

Dabarada söz nobaty etende, ol münbere çykyp:

- Hormatly Gapur aka, türkmen ili, Türkmenistan döwleti Siziň döredijiligiňize ulu hormat goýýar. Ýaş toýuňyza gabatlap, Size türkmen bedewini sowgat bermek karar edildi. Ony ýanym bilen alyp gaýdyp bilmedim. Ýöne ol ýolda, ýük otlysy bilen bu
gün-erte Daşkende geler. Gelin-gyzlarym Sizin suratyňyz çitilen äpet portret halyny dokaýar. Ol basym taýyn bolýar. Haly kesilen güni ony samolýot bilen Daşkende ýollarys.

Eserleriňiziň üç tomlugy türkmençä terjime edildi. Özümizde poligrafiýanyň o diýen ösmändigi üçin türkmen dilindäki üç tomlugyňyzy merkezde – Moskwanyň çaphanasynda çap etdirýäris. Tizara Moskwadan geljek banderol-posylka garaşyberiň – diýip çykyş edipdir. Soňra-da “Ine, bu bolsa sowgatlaryň buşlukçysy, “toýdan topukça” diýip, elde dokalan kiçijek halyçany oňa gowşuryp, münberden düşüpdir.

Resmi dabaradan soňra toý banketi wagty Gapur Gulam Abdylla Myradyň ýanyna gelip:

- Inim, şu gün ýalan wadalardan gerk-gäbe doýdum. At, halyny agzyň gyzgynyna aýdanyňy bilýän, kitap, üç tomluk diýeniň rastmy? – diýipdir.

“Ýanbermez” Abdylla:

- Rast Gapur aka, rast, ýöne Moskwa bizi ýüň sakgal etdi – diýip, öz ýalanyny özi sülä getiripdir.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW
XS
SM
MD
LG